Habarlar

Dokma senagaty ministrliginiň käbir kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek göz öňünde tutulýar

https://ussatnews.com/storage/posts/1562/original-160f47a41be967.jpeg

Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýa” laýyklykda, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly käbir kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy maýa goýujylary çekmek boýunça birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy.

Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 60 kärhana bar, olaryň 16-sy paýdarlar jemgyýeti görnüşinde hereket edýär.

Marynyň dokma fabriginiň önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmengala pagta egirme fabriginiň gatnaşmagynda ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasyny Dokma senagaty ministrliginiň we “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.