Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi
21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Daşoguz şäherinde 3 gektardan gowrak meýdany bolan ýaşaýyş jaý toplumynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk dört gatly jaýlaryň on bäşisi guruldy. 368 öýli täze ýaşaýyş jaýlarda ýaşamak, dynç almak, çagalary terbiýelemek üçin ähli şertler döredildi. Şolardan 48 öý ýaşaýyş jaýyna mätäç adamlara niýetlendi.
Bu ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna “Derkar” hojalyk jemgyýetiniň we “Merdana doganlar” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşdylar.
Daşoguz şäheriniň bu ýaşaýyş toplumynda durmuş düzümine degişli möhüm desgalar — çagalar baglary, oýun meýdançalary göz öňüne tutulypdyr. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.
Täze jaýa göçüp gelen köp çagaly bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtly jaý eýeleriniň öýünde myhmançylykda boldy.
Maşgalabaşy – kärendeçi Uzakbaý Esenow hormatly Prezidentimizi täze öýde garşylamagyň öz maşgalasy üçin uly mertebe hasaplaýandygyny aýtdy. Bagtly maşgalada 13 çaga — 8 ogul, 5 gyz kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze öýleriň eýelerini jaý toýy bilen gutlap hem-de sowgatlary gowşuryp, olara täze ojakda bagtly ýaşamagy, maşgala abadançylygyny, saglyk we üstünlikleri arzuw etdi. Bilelikde surata düşülenden soň, täze öýüň eýeleri, öz nobatynda, döwlet Baştutanymyza türkmen halkynyň asylly däbine eýerip, toý düwünçegini gowşurdylar.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.