Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Daşoguzda gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/1587/original-160f93c7347d7f.jpeg

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýat merkezinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

«Türkmeniň ak öýi» döwletli maslahatlary we dürli halkara çäreleri geçirmäge, şanly seneleri, baýramçylykdyr toý dabaralaryny, şowhunly aýdym-sazly çykyşlary, at üstündäki oýunlary guramak üçin niýetlenendir.

Özboluşly bina bu ýerdäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, 10 müň orunlyk sport toplumy, «Daşoguz» myhmanhanasy ýaly kaşaň desgalardan ybarat bolan täze binagärlik toplumynyň üstüni ýetirýär. Welaýat merkeziniň binagärlik gymmatlygyna öwrülip, adamlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolar.

Täsin desga şähergurluşyk sungatynyň häzirki talaplary we milli binagärligiň aýratynlyklary nazara alnyp, döwrebap gurluşyk serişdeleridir enjamlary ulanylyp guruldy. Ol ähli görkezijiler boýunça dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.

«Türkmeniň ak öýi» üç müň orunlyk köpugurly zaldan ybarat. Umumy meýdany 21 müň inedördül metre golaý bolan «Ak öýüň» beýikligi 40, ini hem 80 metre ýetýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmeniň ak öýi” binasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

“Türkmeniň ak öýi” binasy 3 müň adama niýetlenen sadaka jaýyny, medeni-köpçülik çärelerini guramak üçin açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki toplumy we beýlekileri öz içine alýan tutuş toplumdan ybaratdyr.

Binanyň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylypdyr.

Bu bina häzirki zamanyň ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Ol ýurdumyzyň şäher gurluşygynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşdy.

Konsert tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ajaýyp wakanyň şanyna Daşoguzda gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobusy sowgat berdi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.