Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki esasy bäsleşiklere dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 9 türgen girýär, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça giň gerimli wajyp bäsleşiklerde çykyş ederler.
Agyr atletika boýunça geçiriljek bäsleşige 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde Hojamuhammet Toýçyýew we Öwez Öwezow 109, Rejepbaý Rejebow 81 kilograma çenli agram derejesinde, 59 kilograma çenli agram derejesinde Polina Gurýewa, 55 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Kristina Şermetowa çykyş ederler. Mergen Mämmedow ýeňil atletikanyň ýekedaban zyňmak görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşar. 52 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça bäsleşiklere gatnaşar. Merdan Ataýew suwda arkanlygyna ýüzmek boýunça 100 we 200 metr aralyga, Darýa Semýonowa bolsa bras usulynda 100 metr aralyga güýç synanyşarlar.
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda sportuň 33 görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler.
Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedowa ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmek hukugynyň berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen sportuny ösdürmek, halkara derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamak boýunça edýän yzygiderli aladasynyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem Ç.Mämmedowyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatlaryna, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlaryna emin hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. Bu bolsa ýurdumyzyň sport ulgamyna degişli hünärmenleriniň taýýarlyk derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenleriniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimize mynasyp wekilçilik edip, uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýän halkymyz olaryň iň iri abraýly bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanjakdyklaryna, şeýlelikde, Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirýär.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.