Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň taslamalary bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalarynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň şekil taslamasy bilen tanyşdy, şeýle hem A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binalar toplumynyň şekil taslamasyny gözden geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň, “Dokmaçylar” medeni merkeziniň şeýle hem Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjegindäki “Altyn kölüň” kenarynda dynç alyş zolagynyň, paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň şekiller taslamalary hödürlenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş we durmuş maksatly binalar toplumynyň, Halkara onkologiýa merkeziniň taslamalary bilen hem tanşdy.
Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň çäginde bar bolan we döwrebaplaşdyrylmagy teklip edilýän köprüleriň şekil taslamalaryny gözden geçirdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli künjeklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalarda aşgabatlylar we şäheriň myhmanlary üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegine üns berilmelidigini, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Şunda adamlaryň döwrebap ýaşaýşy, göwnejaý dynç alyş bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.