Habarlar

Russiýa TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär – RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy

https://ussatnews.com/storage/posts/1595/original-160fc07256d018.jpeg

Russiýa Türkmenistan – Owganystan – Pkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Daşkentde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler» atly ýokary derejeli halkara maslahatda belledi.

«Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň energetika infrastrukturalarynyň utgaşmagynyň geljegi örän uly. Russiýanyň ykdysady operatorlary Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika toplumynyň berkidilmegine düýpli goşant goşýarlar. Gürrüň onlarça taslamalar barada barýar. Täze gaz geçirijileriniň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem gyzyklanma bildirýäris» - diýip S.Lawrowyň Daşkentdäki halkara maslahatyň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýdylýar.

TOPH gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr tebigy gaza barabardyr. Onuň umumy uzynlygy 1814 km bolar. Garaşylyşy ýaly, Hindistan we Pakistan 14 mlrd kub metrden, galan 5 mlrd kub metri bolsa Owganystan satyn alar.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.