Habarlar

USSAT NEWS elektron gazetiniň redaksiýasyndan

https://ussatnews.com/storage/posts/16/original-15f7c67269be72.png

Şu gün - “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda USSAT NEWS (ussatnews.com) elektron gazeti öz işine başlady. Täze elektron neşir ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynyň ösüşi, dürli pudaklarda giň gerimli milli maksatnamalaryň we iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşy, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýerleri, türkmen halkynyň baý medeniýeti we özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berýän makalalary, medeniýet we sungat işgärleri, sport ussatlary, žurnalistler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda üstünlik gazanan telekeçiler we döwlet düzümleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlikleri, türkmen metbugatynyň sahypalaryndan makalalary, peýdaly maslahatlary, özüne çekiji suratlary hem-de wideo materiallary çap eder.

Ilki başda gazet türkmen dilinde neşir ediler, emma käbir habarlar rus dilinde hem ýerleşdiriler. Biz täze elektron neşiriň ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerindäki giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly bolmagy üçin ähli tagallalary ederis.

Ussat news

Başga habarlar
16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.


16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.

16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.


16aa8e8df3d76e.png
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.