Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny, faýans önümlerini öndürýän zawody gurulýar
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny, faýans önümlerini öndürýän zawody gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar, bu önümçiliklerde esasy çig mal bolup, kaolin önümi giňden ulanylýar.
Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň taslama kuwwatyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna ady agzalan önümhananyň durkuny täzelemek hem-de bilelikdäki açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär.
Şol kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi hem-de durkunyň täzelenilmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän çig mal üçin harç edilýän serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.