Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurulýar
Türkmenistan bilen Özbegistanyň dostlugynyň hatyrasyna Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurlar, diýip Türkmenistan altyn asyr saýty habar berýär. Gurluşyk meýdançasy hökmünde “Güneş” seýilgähiniň çägi saýlanyp alyndy. Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan “Zehinli iş” hojalyk jemgyýeti bu gurluşygyň hem taslamaçysy, hem-de potratçysydyr.
Potratçy eýýäm desganyň gurluşygyna başlady. Ol ýerde takmynan 30 müň inedördül metr meýdanda pajarlap gök öwüsýän ösümlikli, ajaýyp gülzarlykly we arassa ýodaly landşaft bagy dörediler, şeýle hem özbek paýtagtynyň gözel ýerlerini ýada salýan ýigrimiden gowrak desga gurlar. “Daşkent” seýilgähiniň girelgesinde monumental “Ezgulik” (gowy we asylly islegler) derwezesi gurlar. Daşkentde şunuň ýaly arka bilen “Garaşsyzlyk” meýdanynyň girelgesi bezelipdir.
Merkezi derwezeden başlanýan esasy köçebagynda baş çüwdürim gurlar, ol doganlyk ýurtda gadymdan parahatçylygy we asudalygy aňladýan leglek şekilleriniň üstüni ýetirer. Köçebagyň dowamynda milli görnüşde ýene iki çüwdürim gurlar, köçebagyň ahyrynda bolsa medeni çäreler üçin sahnaly meýdança bolar. Bu desgalar reňbe-reň öwüsýän syrçaly keramika tagtaly dünýä belli Özbek şaý-sepleri we nagyşlary bilen bezeler.
Sekizburçly ýyldyzy emele getirip kesişýän dörtburçluklar şekiline dönen şunuň ýaly geometrik nagyş seýilgähiň köp desgasynda ulanylar. Ol, hususan-da, seýilgähiň esasy köçebagynyň plitalaryny, pyýada ýollaryny, dört sany hüjräniň – myhmanlaryň dynç almagy üçin niýetlenip, oturgyçlardyr sütünleri daşyna aýlanýan tegelek binalaryň gümmezlerini, käseli çäýnegi şekillendirýän ýadygärlikli çüwdürimleri bezär. Ýeri gelende aýtsak, seýilgähiň bu ajaýyp binagärlik ýadygärligi şol bir wagtyň özünde ýüz adama çenli kabul edip bilýän iki gatly çaýhananyň agzynda, şeýle hem restoranyň merkezi böleginde ýerleşdiriler. Bu desganyň aýratynlyklarynyň biri-de diňe bir meşhur özbek tagamlary däl-de, eýsem seýilgähiň merkezi köçebagyna açylýan ajaýyp manzara bolar, bu ýerde özbek paýtagtynyň özboluşly ymaratynyň, ýagny Özbegistanyň binagärçiligi we şäher gurluşygy ýadygärligi bolan telewizion diňiniň “ekiz taýy” gurlar. Gezim zolagy bilen bir wagtda seýilgähde oýun meýdançasy-da dörediler. Gür baglaryň saýasynda kiçi ýaşly çagalar üçin enjamlaşdyrylan oýun meýdançasy, attraksionlar we synlama çarhy ýerleşer.
Täze dostluk seýilgähiniň özüne çekiji ýerlerinden biri-de birnäçe ýyl ozal Daşkentde açylan Sagdyn durmuş merkeziniň (Babur adyndaky Ekopark) çäkleri bolar. Bu ýerde-de, edil Özbegistanyň paýtagtynda bolşy ýaly, dürli sport meýdançalary we ýodalary ýerleşer. Bu ýerde kiçi futbol, woleýbol, tennis we badminton oýnamak, trenažýorlarda maşk etmek, ylgamak, rolik ýa-da welosiped sürmek bolar. Çagalar üçin depejikler, hiňňildikler, egrem-bugram geçelgeler we ýüp merdiwanlary bolan oýun meýdançalary enjamlaşdyrylar.
“Güneş” seýilgähiniň çäginde öňden bar bolan “Toý mekanynyň” binasynyň hem durkunyň täzelenjekdigini we öňküsi ýaly toýçulary kabul etjekdigini goşmak bolar. Seýilgähiň gapdalynda onlarça awtoulag üçin duralga gurlar.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.