Ýurdumyzyň nebitgazhimiýa önümleri uly islege eýe boldy
Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak we eksport etmek Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagatynyň kärhanalary şol wezipäniň çözülmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Munuň şeýledigini "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna bagyşanyp guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi aýdyň görkezdi.
Serginiň işiniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan söwdalar geçirilip, olarda umumy bahasy ABŞ-nyň 100 million dollaryndan gowrak bolan nebithimiýa önümlerini satyn almak barada geleşikler baglaşyldy.
Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konseri daşarky bazara suwuklandyrylan gazyň 10 müň tonnasyny satdy, ýangyç suwuklandyrylan gazy saklaýan we ugradýan Naýyp terminalyndan eksporta iberiler. Ony Owganystanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri satyn aldylar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleri uly islege eýe boldy. Daşary ýurtly işewürler A-92 awtomobil benzininiň 35 müň tonnasyny, gidro usul bilen arassalanylan EKO-5 dizel ýangyjynyň 30 müň tonnasyny, uçar ýangyjynyň 10 müň tonnasyny, nebit koksynyň dürli görnüşleriniň 16 müň tonnasyny, suwuklandyrylan gazyň 10 müň tonnasyny we mazudyň 20 müň tonnasyny satyn aldylar.
Alyjylaryň hatarynda – Owganystanda, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Gonkongda, Gyrgyzystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Russiýada, Türkiýede, Özbegistanda hasaba alynan kompaniýalar bar. Şol gün nebitgaz toplumynyň kärhanalary tarapyndan ýerlenen önümleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 70 müň dollaryndan gowrak boldy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.