Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy toplumlaýyn alnyp barylýar
Şu ýyl Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda kärhanada taýýarlanan gurluşyk panellerinden gurlan 22 sany dört gatly ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berler, diýip "Türkmenistan altyn asyr" saýty habar berýär. Birnäçe ýüz maşgala gowulandyrylan gurluşly we giň meýdanly 2-3 otagly amatly öýlere göçüp barar.
“Demirbetonönümleri” önümçilik birleşigi Senagat köçesindäki ýaşaýyş toplumyny gurmagyň birinji tapgyrynda eýýäm 32 otagly ýigrimi sany ýaşaýyş jaýyny gurdy. Iki sany jaý köp çagaly maşgalalar üçin ulanylyşa berildi. Büzmeýiniň bu köçesinde ýene 13 sany dört gatly binanyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Gurluşyk toparlary Büzmeýin etrabynyň Altyn asyr köçesinde maýyplar üçin dört gatly 42 öýli binanyň, şeýle hem kömege mätäç maşgalalar üçin ýene 32 öýli binanyň gurluşygyny tamamlar.
Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy toplumlaýyn alnyp barylýar. Öýleriň arasyndaky giňişlikler şäher ilatynyň medeni dynç alşyň guralyşyna we geçirilişine bolan ýokary talaplary göz öňünde tutmak bilen abadanlaşdyryldy. Bu ýerde sport meýdançalary, stadionlar, çagalar üçin oýun meýdançalary we awtoulaglar üçin wagtlaýyn duralgalar gurulýar. Şäherçäniň çäginde 600 okuwçy üçin umumy bilim berýän mekdep guruldy. Jaý gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde bolsa 160 orunlyk çagalar bagy bina ediler.
Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ikinji tapgyr bilen çäklenmez. Senagat köçesinde ýene on üç ýaşaýyş jaýyny gurmak bilen, ýaşaýyş toplumyny giňeltmek kararyna gelindi. Şeýlelikde, bu ýere göçüp gelenleriň sany geçen ýylka garanyňda iki esse köp bolar. Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaýlar Aşgabat häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýar.
Panel jaý gurluşygy milli şäher gurluşygy maksatnamasynyň wajyp ugrudyr. Bu gün Büzmeýin etrabynda gurulýan panel jaýlar howpsuzlyk we energiýa netijeliligi boýunça häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýa taýdan kämil binalardyr. Iri panelli ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň iň uly zawodlarynyň täzeden gurulmagy senagat gurluşygyna bolan garaýşy üýtgetdi. Täze senagat tehnologiýalary zähmet netijeliligini we önümleriň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Kärhanalaryň hünärmenleri paýtagtyň etraplarynda we welaýat dolandyryş merkezleinde iri panelli beýik binalar gurlan demir-beton önümleriniň önümçiligini ep-esli ýokarlandyrdylar. Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýokary amatlykly we gowulandyrylan gurluşly binalar bilen birlikde esasan kottej görnüşli jaýlardan ybarat ýaşaýyş mähellesiniň gurluşygy-da gerim alyp başlady.
“Güneş” köçesinde “Arkaçgurluşyk” kärhanasy dokuz sany iki gatly iki öýli ýaşaýyş kottejini gurdy. Ýakyn wagtda şunuň ýaly ýene on töweregi jaý gurlar. Şäher gurluşygynyň şunuň ýaly täze tejribesi hem häzirki zaman talaplaryna, hem raýatlaryň şahsy zerurlyklaryna we isleglerine laýyk gelýän amatly jaý saýlamak mümkinçiliklerini artdyrmalydyr.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.