Aşgabyň Botanika bagynda çeper elleri bilen döredilen ownuk önümleriň ýörite bazary geçirildi
Geçen ýekşenbe gününde aşgabyň Botanika bagynda türkmen ussalarynyň çeper elleri bilen döredilen ownuk önümleriň ýörite bazary – “El hünäri” geçirildi, diýip «Türkmenistan altyn asyr» saýty habar berýär. Ol, oglanlar üçin gips şekillerini reňklemegiň, gyzlar üçin bolsa monjuklardan we hünjülerden bilezik ýasamagyň ussatlyk sapagy bilen başlandy. Olaryň gabat garşysynda bolsa ýüz-gözlerine reňk çaldyrmak – döwrümiziň ýoň bolan bezeginden peýdalanmak isleýän kiçijik modaçylar hatara düzüldi.
Bu bazarda her ädimde gudrat gabat gelýärdi. Mysal üçin, şaý-sepler toplumy bilen çykyş edýän Luiza Sabitowa täze bir zat – ýelpewaç görkezdi. Milli nagyş elementleri bilen bezelen ýelpewajy Luiza ikitaraplaýyn ýasapdyr, ýöne iň gyzykly ýeri ol ýelpewajyň ýokarky bölegini tawus ýelekleri bilen bezemegidir – hut şa ýelpewajy bar-da!
Örme gurjaklar toplumynyň ýanynda çagalar has köp üýşdüler. Olar multfilmleriň gahrymanlaryny biri-birinden öňürdip tanap başladylar. Adybir multfilmden “Buba”, “Monstrlar uniwersitetinden” Maýkl Wazowskiý, “Arielden” suw perijigi, “Zebra kapasa” we beýlekilerdir. Galina Rožkowa hünäri boýunça inžener, ýöne ol öýde çaga seredip, gyzy bilen multfilm görmäge endik edipdir. Ine, şonda-da reňkli ýüplüklerden owadan multfilm gahrymanlaryny örmek pikiri ýüze çykypdyr. Netije geň galdyryjy derejede şowly çykypdyr!
– Joramyňky ýaly bilezik isleýärin! – diýip, bir myhman Natalýa Kalugina ýüzlendi.
– Olar ýalysy eýýäm gutardy. Ýöne biraz garaşmaga wagtyňyz bar bolsa, men häzir ýüzugra ýasap bilerin, eger bolmasa, tanyşlyk kartymy alyp, ussahana geläýiň. Ýogsa-da, bilezigiň bagjygyny özüm oýlap tapdym we oňa “Erkinlik” diýip at dakdym, sebäbi şunuň ýaly bagjygy bolan kişi kesekiniň kömegine mätäç bolmaz.
Diýseň arzan bahadan – biri 5 manatlyk bilezikden doly ullakan guty gyzlary magnit ýaly özüne çekýärdi.
Küýzeli howzuň ýanynda halk üýşüp dur. “Ine, biri! Ýene biri!” diýip, çagalar bäsleşýän ýaly gygyrýardylar. Süýji suw pyşbagalary kä ýüzüp, howzuň gyrasyna gelýärdiler, käte-de suw liliýalarynyň ýapraklarynyň astynda gizlenýärdiler. Olar oýun bilen gelenleri güýmäp, myhmanlara hezil berýärdiler.
Bu aralykda ýaş myhmanlaryň arasyndan biri Botanika seýilgähiniň köçebagynda asfaltda toýnak kakýan at üstünde aýlanýardy. Beýleki çagalar reňkli paýtuna münmek üçin, ata-eneleri bilen nobata durdular.
Tebigatda işdäsi açylanlar üçin kafe-de bardy. Şol gün bu baga gelýänleriň akymy gaty uludy. Ýekşenbede maşgala bolup dynç almak çagalar üçinem, ene-atalar üçinem gyzykly boldy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.