Habarlar

«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

https://ussatnews.com/storage/posts/1718/original-1611f6a7cc06b2.jpeg

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Bu žurnal türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň ylmy-barlaglarynyň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrýar.

Özüniň şygryýet mirasy bilen geçmişi şu güne birleşdirýän Magtymguly Pyragynyň heýkel ýadygärliginiň suraty žurnalyň daşky sahabyny bezeýär.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni hem-de Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Gutlaglary bar.

Däp bolan “Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde Saud Arabystany Patyşalygynyň ylmy gatnaşyklar we gözlegler merkeziniň ýolbaşçysy Ýahýa Mahmyt bin Juneýidiň “Aşgabat — dostlugyň we parahatçylygyň şäheri” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Makalanyň awtory öz işinde türkmen paýtagtynyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň biridigini, Aşgabadyň binagärlik keşbiniň milli binagärlik däpleriniň bu ulgamda öňdebaryjy çözgütler bilen sazlaşykly utgaşýandygyny belleýär.

“Gaýry mähriban ýurt bolmaz” atly makalada Gündogaryň beýik akyldary we pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň ata Watanyna, öz halkyna bolan çäksiz söýgüsini beýan edýän eserleriniň üsti bilen şahyryň durmuş we döredijilik ýoly seljerilýär.

“Soltan Sanjar bilen Horezmşa Atsyzyň gatnaşyklary” diýlen makala hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Onda iki taryhy şahsyň gatnaşyklarynyň mysalynda köpasyrlyk diplomatiýa sungatynyň kemala gelmeginiň käbir möhüm ugurlary barada gürrüň berilýär.

“Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy — milli gymmatlyklarymyz” atly makalada bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän şanly ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bilelikde bellenilmeginiň, merdana ata-babalarymyzyň dünýä mirasyna peşgeş beren gymmatlyklarynyň ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.

Milli Liderimiziň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, atçylygyň gadymy mekany bolan güneşli ülkämizde atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak häzirki döwürde biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Şoňa görä-de, bu pudagy ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça daşary ýurtly atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümiň ilkinji makalasy Temirleň ady bilen tanalýan Emir Temiriň hem-de Mahmyt Şabesteriniň gatnaşyklarynyň mysalynda alymlara we şahyrlara goýulýan hormat, olaryň ylmy we edebiýaty ösdürmäge goşan goşantlary baradadyr. Şeýle hem awtor öz makalasynda gürrüňi edilýän döwürlerde Gündogarda sungatyň dürli ugurlarynyň gülläp ösüp, adamzat siwilizasiýasynyň taryhynda yz galdyran täze pelsepeçileriň we ýazyjylaryň kemala gelendigini belleýär.

Beýleki bir makalada Türkmenistanda haly sungatynyň taryhy kökleri, şol sanda Daglyk Altaýdan tapylan, miladydan öňki V asyra degişli Pazyryk halysy barada gürrüň berilýär. Makalada öňe sürülýän pikirler geçen döwürleriň we häzirki döwrüň alymlarynyň ylmy barlaglaryna salgylanýar. 2019-njy ýylyň dekabrynda türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Türki halklaryň başgaplary baradaky makalada türkmen tahýasynyň dürli başgaplar bilen meňzeşligi barada aýdylýar, gyzykly taryhy mysallar getirilýär. Häzirki döwürde hem türkmen tahýasy milli lybasyň aýrylmaz bölegidir.

Şeýle hem žurnalda ýurdumyzda şu ýylyň ikinji çärýeginde geçirilen jemgyýetçilik, ylmy we medeni çärelere syn berilýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban Watanymyzyň abadançylygyna hem-de ylmy we medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň yzygiderliligini görkezýän ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapdy.

Köp sanly fotosuratlar giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen “Miras” žurnalynyň sahypalarynyň ajaýyp bezegi bolup hyzmat edýär.

Başga habarlar
168fc9019deb95.jpeg
OGT 2025-de “Galkynyş” känini özleşdirmegiň tapgyrlary barada maglumat berildi

Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň laboratoriýasynyň müdiri, tehnika ylymlarynyň doktory Irina Lurýewa «Galkynyş» gaz käniniň häzirki ýagdaýy we onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri boýunça çykyş etdi.


168fc8936594f3.jpeg
Türkmenistan 2027-nji ýylyň başynda TOPH boýunça Owganystana gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär

Türkmenistan «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň Owganystana iberilmegini 2027-nji ýylyň başynda ýola goýmagy meýilleşdirýär.


168fa387ac8f64.jpeg
“Türkmengaz” DK-nyň başlygy: Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin açyk, ygtybarly we taýýar ýurt

Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatyň dowamynda çykyş etdi.

168f89ed6dab54.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025» XXX halkara sergisi açyldy

22-nji oktýabrda irden Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT 2025) halkara forumy öz işine başlady.


168f8605fc0ec9.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara