Habarlar

Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görülýär

https://ussatnews.com/storage/posts/1762/original-1612c9813b958d.jpeg

1-nji sentýabrda Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýär. Täze 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk çäreleri guralar. 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler sowgat berler. Şeýle hem bu sene mynasibetli ýurdumyzda täze umumybilim berýän mekdepleriň açylyş dabaralary geçiriler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly başlangyçlary dowam etjek ýaş nesillerimizi mynasyp terbiýelemek maksady bilen, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek wajypdyr. Ýaş raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, ýokary hilli bilim almaklary üçin hemme mümkinçilikleri döretmegiň we olary terbiýelemegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenen.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.