Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi
4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary we ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çuň mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlary esasynda ýurdumyzda milli bilim, ylym ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, ýaşlaryň döwrebap şertlerde okamagy, öwrenmegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Milli bilim, ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, okuw-terbiýeçilik işiniň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde türkmen ýaşlary dünýä derejesinde geçirilýän ylmy bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeleýärler.
Bular dogrusynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň orunbasary Bezirgen Berdiýewiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Jemal Sapargulyýewanyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýasynyň müdiri Hatyja Çopanowanyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologiki maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradowyň we beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlarynda giňişleýin bellenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim, ylym ulgamyny halkara derejesine ýetiren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.