Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Hökümet münberi açylar
16-njy sentýabrda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, paýtagtymyzda Köpetdag şaýolunyň ugruny bezejek Hökümet münberiniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Bu gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasy alyp barýar.
Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desgany bezemek boýunça işler amala aşyrylýar. Köpetdagyň etegindeki münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar. Bu ýerde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar.
“Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň guran Hökümet münberiniň tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak. Ol Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar. Hökümet münberi paýtagtymyzyň şu bölegindäki ajaýyp binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulup gözel tebigat bilen utgaşýar.
Gurluşyk pudagy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň öňden gelýän we däp bolan ugrudyr. Aşgabadyň ýüzüniň tuwagyna öwrülen dürli maksatly iri desgalaryň “Bouygues Batiment International” kompaniýasy tarapyndan ulanylmaga tabşyrylanlary şol gatnaşyklaryň netijelidiginiň subutnamasydyr.
Bütin dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň gatnaşmagy döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň hem-de Türkmenistanyň we Fransiýanyň uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Serdar GAPUROW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.