Habarlar

Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/1809/original-16136532922b45.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, welosipedli gezelençler adama tebigata ýakyn bolmaga, onuň gözelliklerine guwanmaga mümkinçilik döredýär. Ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyrlar, ondan güýç-kuwwat hem ruhubelentlik alypdyrlar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, asylly däbe görä, behişdi bedewleri bilen didarlaşyp, Akýol atly bedewde birsellem gezim etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäde iň gowy bedewler üçin ajaýyp şertler döredildi. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň döreden täsin sungatyna deňelýän bedewlere nähili belent sarpa goýulýandygynyň subutnamasydyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi çapuw ýodasyna çykaryp, ony öz erkine goýberdi. Bedew gorgunlap barşyna tejribeli atçaparyň hereketlerine eserdeňlik bilen boýun bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeläpdir. Türkmenler bedewlerini ýakyn syrdaşy hem-de wepaly ýoldaşy saýyp geldiler.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.