Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek we oba hojalyk işlerini geçirmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy
6 sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekilleriň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidiginy nygtady.
Hasabatyň çäklerinde welaýatlaryň häkimleri bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli tamamlamak ugrunda edilýän tagallalar, şol bir wagtyň özünde pagta ýygymyna görülýän hemmetaraplaýyn taýýarlyk barada hasabat berdiler.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimleriniň kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmekleriniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de bu babatda iş maslahatyna gatnaşanlara anyk görkezmeleri berdi.
“Şöhratly senelere zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzyň asylly däbidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.