Türkmenistan-BMG: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk
Ýakyn wagtda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 76-njy mejlisi açylar, omuň gün tertibi halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna diýen ýaly degişli meseleleri gurşap alýar. Bütindünýä forumynda ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, pandemiýa garşy göreşmek, ählumumy howplara we wehimlere garşy durmak, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlary öňe sürler.
Baş Assambleýanyň bu mejlisinde Türkmenistan energiýanyň ygtybarly, durnukly, maliýe taýdan netijeli we döwrebap çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek meselelerine aýratyn berer. Munuň üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakynda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul eden Rezolýusiýalary esas bolup hyzmat eder.
Bu ugurda köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etmek maksady bilen, ýurdumyz 2022-nji ýylda “Hemmeler üçin durnukly energetika” başlangyjy bilen bilelikde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ösüşi çaltlandyrmak boýunça Halkara forumyny çagyrmagy teklip edýär. şunda energetika serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek hem-de şunuň bilen baglylykda, BMG-niň döwrebap halkara-hukuk gurallarynyň döredilmegine aýratyn üns berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň energo üpjünçilik ulgamy ählumumy ykdysady ösüş işine, adamlaryň abadançylygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygy höweslendirnäge hyzmat etmelidir. Ýurdumyzyň garaýşy dünýä bazaryna energetika serişdeleriniň deňhukuklylyga esaslanan adalatlylyk we açyklyk ýörelgelerinde, bu işe gatnaşyjylaryň hemmesiniň bähbitleriniň ykrar edilmegi we hasaba alynmagy, nyrhlaryň oýlanyşykly döredilmegi bilen iberilmeginde jemlenýär.
Türkmenistan energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmeginiň halkara kepilliklerini güýçlendirmek baradaky başlangyçlar bilen çykyş etmek bilen, olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri görýär. Tebigy gazy dünýä bazaryna ibermegiň eksport ugurlaryny giňeltmek babatda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän taslamalary munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Olaryň hatarynda – hereket edýän Türkmenistan-Hytaý transmilli gazgeçiriji, şeýle hem gurluşygy dowam edýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisi bar.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.