Habarlar

Ýurdumyzyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/1838/original-1613c63f6eb818.jpeg

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi.

Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara giňişlikde, şol sanda media giňişliginde eýeleýän ornuny berkidýän, umumy maglumat giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň bu foruma döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim hökmünde garaýandygyny nygtamak gerek, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, mediaforumyň geçirilmegi sebitde we ählumumy derejede žurnalistikany ösdürmekde tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär, Hazar sebitiniň döwletleri üçin bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän ugurlary kesgitleýär.

Şunuň bilen baglylykda, bu mediaforumyň çäklerindäki gepleşikleriň usuly şu sebitde ähli ulgamlarda, şol sanda häzirki zaman şertlerinde köpçülikleýin media serişdelerini ösdürmek ýaly ähmiýetli ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda täsirli gural bolup hyzmat edýär.

VI Hazar mediaforumynyň çäklerinde “Hazar serhetsiz” atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi. “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň işgärleri hem “FotoHazar” we “Tomaşaçylaryň göwnünden turmak baýragy” ugurlarynda bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Umuman, bu duşuşygyň geçirilmegi özleriniň täzeliklerini, maglumat-seljeriş materiallaryny we beýlekileri meşhur daşary ýurt serişdelerinde ýerleşdirmegiň hasabyna, milli köpçülikleýin media, şol sanda türkmen media serişdelerini ulanyjylaryň hataryny giňeltmegiň ýolunda ýene-de bir ädim boldy.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.