Habarlar

2022-nji ýylda ýurdumyzda aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary köpeldiler

https://ussatnews.com/storage/posts/1842/original-1613cc7581876d.jpeg

10-njy sentýabyrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda geljek ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10 göterim köpeldilmegi göz öňünde tutulmalydyr.

Milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny seljermegi dowam etmek hem-de emele gelýän ýagdaýlardan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň garaşylýan netijelerini anyk kesgitlemek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, döwletimizi ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berer.

Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmek, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmek üçin köp mukdarda maliýe serişdelerini çekmegiň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda maksatnamalaýyn işleri alyp barmagy we ilkinji nobatda, döwlet serişdeleriniň möçberlerine hem-de onuň netijeli peýdalanylyşyna berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.