Habarlar

Türkmenistan tebigy gazyň gazylyp alnyşyny we eksportyny artdyrdy

https://ussatnews.com/storage/posts/1861/original-1613d5ccb89aed.jpeg

Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda tebigy gazyň gazylyp alnyşy 55 milliard kubmetrden geçdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 10,4 milliard kubmetr köpdür.

Tebigy gazyň gazylyp alynmagynyň artdyrylmagy dünýä bazarynda ekologiki taýdan arassa ýangyja bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen baglydyr. Şunlukda, Türkmenistan tebigy gazyň 31 milliard kubmetre golaý mukdaryny eksport etdi. Bu hem 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygyndaky görkezijiden 8,3 milliard kubmetr artykdyr. Ösüş depgini bolsa 137 göterime deňdir.

Türkmen gazyny esasy import ediji hökmünde Hytaý Halk Respublikasy öňe saýlanýar. Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi boýunça bir ýylda 40 milliard kubmetr gaz bu döwlete eksport edilýär. Emma bu gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 55 milliard kubmetr gazy geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistandan gaýdýan bu gaz magistralynyň işe girizilen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna harytlyk gazyň 300 milliard kubmetri eksport edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň içerki bazarynda mawy ýangyja bolan isleg artýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda täze hem kuwwatly gaztrubinaly elektrostansiýalar we gazy gaýtadan işleýän iri toplumlar işe girizildi. Olara mysal hökmünde Gyýanlydaky polimer kärhanasyny, Garabogazdaky karbamid önümçiligi kärhanasyny, Ahal welaýatyndaky sintetiki benziniň önümçiligi kärhanasyny aýtmak bolar.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.