Habarlar

Daşoguz welaýatynda ýokary öndürijilikli kombaýnlar pagta ýygymyna girişdiler

https://ussatnews.com/storage/posts/1865/original-1614318900efe0.jpeg

15-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde gowaça meýdany 155 müň gektary eýeleýär. Şonça ýerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary gowaçanyň “Daşoguz-120”, «Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “C-4727”, “Jeýhun”, “149F” ýaly orta süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.

Döwrebap oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň bökdençsiz depginini üpjün eder. Ýygym möwsüminiň dowamynda meýdanlarda “John Deere” kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň ýüzlerçesi işlediler. Soňky ýyllarda bu tehnikalaryň üsti täze kombaýnlar bilen ýetirildi.

Pagta daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň iki müňe golaýy hereket eder. “Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalary gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.