Aşgabat şäherinde döwrebap seýilgäh hem-de ýerasty geçelgeleri açyldy
Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň açylmagy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.
Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap uzalyp gidýän täze döwrebap seýilgähiň eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolup, onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina edildi. Bu ýerde suw çüwdürimlerinden başga-da, suw howdanlary, bassyrmalar, dynç alar ýaly ýerler gurnaldy, yşyklandyryş sütünleri dikildi. Uzynlygy 320 metre we ini 310 metre deň bolan döwrebap seýilgähde ekilen baglar, dürli güller hem-de döredilen gök otly ýerler suw çüwdürimleri bilen umumy sazlaşygy emele getirip, bu ýeriň howasynyň tämiz bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi tebigy gözelligiň ajaýyp öwüşginleri bilen utgaşyp, seýilgäh zolagynyň görküne görk goşýar.
Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda täze seýilgäh toplumlaryny hem-de ýaşyl zolaklary döretmek boýunça görülýän çäreler adamlaryň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologik gurşawy döretmäge gönükdirilendir.
A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň ýer böleginiň umumy meýdany 6 müň 270 inedördül metre barabardyr. Jemi 4 sany ýerasty geçelgede dükanlaryň ençemesi ýerleşdirildi. Şeýle hem duralgalar guruldy.
Taslamalar ýerine ýetirilende hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribeleri utgaşdyryldy. Olaryň bezelişinde peýdalanylan serişdeler hil aýratynlygy bilen tapawutlanyp, milli öwüşginler bilen ünsüňi özüne çekýär.
Ýol-ulag ulgamyna degişli bu desgalar pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň abadançylygyny, rahatlygyny gazanmagyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.