Türkmenistan Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen täze maýa goýmak we karzlary çekmek boýunça taslamalara gol çekerler
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça taslamalaryň üçüsine maýa goýmak we karzlary çekmek boýunça resminamalara gol çekmek barada ylalaşylandygy barada hasabat berdi.
Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli kompaniýasy tarapyndan önüm bilen hasaplaşmak şertinde göni maýa goýulmagyny guramak barada Ýol kartasyny öz içine alýan Çarçuwaly ylalaşyk, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada karz ylalaşygy, Türkmenistanda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen bilelikdäki Maýa goýum edarasyny döretmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda esaslandyryjylaryň Ylalaşygy we oňa degişli resminamalar bar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen ýurdumyzyň iri önümçilik taslamalaryna maýa goýmak hem-de Türkmenistanda maýa goýum edarasyny döretmek boýunça degişli işleri geçirmek baradaky teklibi hödürledi.
Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň arasynda umumy bahasy100 million ABŞ dollaryna golaý bolan iki şertnama gol çekildi. Şertnama laýyklykda Balkan welaýatynyň Jebel obasynda Halkara howa menzili we Serdar etrabynda 10 megawatt kuwwatly gün ýel elektrik stansiýasy gurlar. Bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin 15 ýyla çenli karzlar berler.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.