Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy

06:40 18.09.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/1883/original-161454470ace3c.jpeg

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň uludygyna, milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bitarap Türkmenistany Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ähli agza ýurtlary bilen özara erk-islege we taryhy taýdan emele gelen gatnaşyklara esaslanýan, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek.

ŞHG 2001-nji ýylda döredildi hem-de hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramadyr. Guramanyň ýokary edarasy döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi bolup, onuň mejlisi her ýyl geçirilýär. Häzirki wagtda ŞHG-niň düzümine Hindistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan Yslam Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy girýär. Birnäçe döwletler ŞHG-niň ýanyndaky dialog boýunça synçynyň we hyzmatdaşyň hukuk ýagdaýyna eýe bolup durýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge özüniň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şol strategiýada abraýly sebit we halkara düzümler bilen gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde baýdak sütünlerinde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, belent mertebeli türkmen myhmanyna gül gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden “Kasri Millat” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon doganlarça garşylady we ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Milli Liderimiz şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşyk geçirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan “Nowruz” köşgüne tarap ugrady. Bu sammit guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisine başlyklyk edýän Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýene-de mähirli garşylady.

Sammit başlanmazdan öň, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Duşenbedäki sammit gurama agza ýurtlaryň Liderleriniň — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hanyň hem-de ŞHG-niň ýanynda synçy derejesine eýe bolan döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň, şol sanda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň (sanly ulgam arkaly) gatnaşmagynda geçirildi.

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Sammite gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi. Mejlise sebit guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda GDA-nyň, YHG-nyň we beýlekileriň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar.

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, “Zarandud” zalynda ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, duşuşygy açdy hem-de sammite gatnaşyjylara söz berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, ilki bilen, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Rahmona myhmansöýerlik we mähirli garşylandygy, hoşniýetlilik hem-de sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, Türkmenistanyň Baştutany mejlise gatnaşyjylaryň ählisini guramanyň ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu gurama geçen 20 ýylyň dowamynda dünýäde ykrarnama hem-de hormata eýe bolan, ählumumy syýasy we ykdysady ösüşiň barşyna, häsiýetine oňyn täsir edýän abraýly döwletara birleşmä öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar biziň daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýarys, energetika hem-de ulag ulgamlarynda, söwda we maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bu gurama girýän ýurtlaryň Türkmenistanyň öňden gelýän däp bolan hyzmatdaşlary, onuň goňşulary we dostlary bolup durýandygy hem wajypdyr. Şoňa görä-de, biz ŞHG bilen gatnaşyklara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşi hem-de özümiziň dünýä derejesindäki we kontinental işlere gatnaşygymyzyň umumy ugry bilen sazlaşykly arabaglanyşykda garaýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň parahatçylygy, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmek meselelerindäki jogapkärli garaýyşlaryna ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde, biz bu möhüm wezipeleri çözmekde — ilki bilen, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, maglumat hem-de biologik howpsuzlygy üpjün etmek ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda ŞHG bilen işjeň gatnaşyklara taýýardyrys.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, bu gün, tutuş dünýäniň täze çylşyrymly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolan mahalynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornunyň ýokarlanýandygyny belledi. Elbetde, bilelikdäki işiň däp bolan ulgamlaryndan başga-da, onuň mümkinçilikleri, toplan tejribesi pandemiýanyň täsirini azaltmak, kontinental ykdysady we ulag gatnaşyklaryny, düzümleri hem-de logistikany dikeltmek bilen baglanyşykly wezipeler babatda örän zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprelinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny özünde guramagy meýilleşdirýändigini sammite gatnaşyjylara habar berdi. Türkmen tarapy oňa adatdan daşary şertlerde hem-de çökgünliklerden soňky döwürde halkara ulag hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça anyk we iş ýüzündäki gepleşikler üçin oňat mümkinçilik hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ŞHG-ä agza döwletleri bu möhüm foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Koronawirusa garşy göreşmek barada aýdylanda bolsa, bu babatda Türkmenistanyň biziň döwletlerimiziň lukmançylyk bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek hem-de yzygiderli gatnaşyk etmek ugrunda çykyş edýändigini bellemek gerek. Munuň üçin Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi teklip edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hususan-da, biziň ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny, BSGG-niň ýiti öýken keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny, BSGG-niň ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini, Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldanylmagynyň olaryň tutuş dünýäniň bähbidine netijeli durmuşa geçirilmegine, şeýlelikde, howply ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça uzak möhletli geljek üçin täsirli we yzygiderli halkara gurallaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Biz ŞHG bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris hem-de Merkezi Aziýa sebitini çalt depginler bilen ösdürmek, kontinental ähmiýetli möhüm ulag-logistiki we ykdysady merkeze, Ýewraziýada durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň ygtybarly merkezine öwürmek maksady bilen, onuň geljeginiň uludygyna ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik maksatlaryna gabat gelýändigini belledi.

Biziň pikirimize görä, munuň özi geljekde bilelikdäki iş üçin uly giňişligi açýar. Şunuň bilen baglylykda, ŞHG-ä gatnaşyjy döwletler tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasynyň goldanylmagy möhüm ädim bolardy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistan bu resminamany kabul etmek baradaky başlangyjy Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda öňe sürmegi göz öňünde tutýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, agza döwletleriň ählisi, synçylar hem-de ŞHG boýunça hyzmatdaşlar bilen Türkmenistany ysnyşykly taryhy gatnaşyklar, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şeýle häsiýetiniň aýdyň hem-de açyk ýörelgeler esasynda özara ýakynlaşmagyň, ähmiýetli we netijeli gepleşikleri ýola goýmagyň, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we usullaryny işläp taýýarlamaga geçmegiň goşmaça kuwwatly şerti bolup hyzmat edýändigine ynam bildirdi.

Biziň ýurtlarymyzyň kuwwatly serişdeler we önümçilik binýadynyň bolmagy, olaryň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, logistika düzüminiň okgunly ösmegi, toplanan tejribe hem-de hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň däpleri hem muňa ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasynda köpugurly, yzygiderli, maksadalaýyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ösüşe täze, kuwwatly itergi bermäge, tutuş Ýewraziýa giňişliginde syýasy, ykdysady, durmuş, ynsanperwer işleriň okgunly hem-de ýokary hilli bolmagyna ýardam etmäge ukyplydygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, ýurdumyzyň bilelikdäki netijeli işe taýýardygyny tassyklady.

Başga habarlar
1663d10e048d0d.jpeg
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.


1663d0d5e2e012.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy.


1663cf670453b8.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady.

1663cce2292aef.webp
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1663cbcf9c190c.webp
Aşgabat şäherinde 320 orunlyk çagalar bagy gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.