Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy
Bu barada 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
Milli Liderimiziň şu ýylyň 29-njy ýanwarynda gol çeken Karary esasynda Aral deňziniň guramagy bilen baglanyşykly amatsyz täsirleri aradan aýyrmak üçin toplumlaýyn çäreler geçirmek maksady bilen, ýörite Pudagara topar döredildi. Onuň düzümine ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri girizildi.
Türkmenistanyň Aral boýunça Milli maksatnamasyny taýýarlamak hemişelik esasda hereket edýän bu toparyň mejlisleriniň gün tertibinde möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Häzir degişli teklipleriň we bellikleriň esasynda onuň deslapky taslamasy taýýarlanyldy.
Maksatnama ýurdumyzyň ýer we suw kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy ýagdaýlaryň täsirini nazara almak bilen, öňüni alyş çärelerini geçirmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek, bioköpdürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmek boýunça hereketleriň toplumlaýyn strategiýasyny taýýarlamaga işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Bu meseläniň diňe bir sebitde däl, eýsem, ählumumy möçberde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.
Şunda döwletara gatnaşyklar we ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk üçin binýat bolan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine möhüm orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aral boýunça Milli maksatnamanyň hödürlenilen taslamasyny makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda degişli toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.