Habarlar

Nebitiň çykarylyşyny artdyrmak möhüm wezipe

https://ussatnews.com/storage/posts/1898/original-161476ac13b15d.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy sentýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işini durnuklaşdyrmak boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatlyklaryny doly ulanmagyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki önümleriň öndürilişini artdyrmagyň, şeýle hem nebitgaz toplumyna maýalary çekmegiň möhümdigini belledi.

Şu ýylyň sekiz aýynda nebitiň we gaz kondensarynyň çykarylan möçberi Türkmenistanda 5,8 million tonnadan gowrak boldy. Şu ýylyň ahyryna çenli “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýataklarynda täze guýularyň 8-ni burawlamak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak işleýän guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän netijeli usullary we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna hem üpjün ediler.

Şeýlelikde, geçen ýyl gol çekilen ylalaşyga laýyklykda “Türkmennebit” döwlet konserniniň russiýaly hyzmatdaşlary işiň önümçilik maksatnamasyny giňeltdiler. Goturdepe ýatagynda guýulary abatlamak bilen bir hatarda “Tatnebit” kompaniýasy guýularyň gapdal sütünlerini burawlamaga girişdi. Bu tehnologiýanyň esasy artykmaçlygy onuň täze önümli ýerlerden çig malyň çykarylyşyny artdyrmaga ýardam edýär. Şunda işleriň bahasy täze dik guýyny gurmak üçin edilýän çykdajylardan ep-esli arzan düşýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebitiň 3,3 million tonnasy gaýtadan işlenildi. Hususan-da, dürli görnüşli awtomobil benzinleriniň 1,16 million tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 1,4 million tonna golaýy, polipropileniň 49 müň tonna golaýy öndürildi.

Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda TNGIZT-de Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklaryň esasynda ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan satyn alynan nebitiň 80 müň tonnasy gaýtadan işlenildi. Deslapky hasaplamalar boýunça daşarky bazarlara satylan nebit önümleriniň bahasy ABŞ-nyň 1,17 million dollaryndan gowrak bolar. Mundan başga-da, TNGIZT-niň kuwwatlyklaryny doly ulanmak üçin goňşy döwletlerde çykarylýan nebiti Türkmenistanda gaýtadan işlemek mümkinçilikleri öwrenilýär.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.