Türkmenistanyň Prezidenti uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.
Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek tabşyryldy.
Şeýle-de, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem «Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.
Daşary işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak barada ýüz tutan, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek tabşyryldy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.