Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy
Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.
Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalar berildi.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar apatridleriň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegine berilýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistan Halkara Migrasiýa Guramasynyň hemişelik agzasy bolmak bilen, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna önjeýli goşant goşup, bu ugurda taslamalary we maksatnamalary amala aşyrýar. BMG-niň esasy halkara-hukuk resminamalaryna — “Bosgunlaryň statusy hakynda”, “Apatridleriň statusy hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalara goşulmak bilen, döwletimiz öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça 2024-nji ýyla çenli döwür üçin hereketleriň milli meýilnamasy” yzygiderli amala aşyrylýar. Mundan başga-da, “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” täze Kanun güýje girdi. Ol ene-atasynyň derejesine garamazdan, ýurdumyzyň çäginde doglan ähli çagalaryň hasaba alynmagyny kepillendirýär.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.