Çynar Täjiýewna Rustemowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakyldy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alynyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bolup işleýän Çynar Rustemowa ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda yhlasly, halal zähmet çekip, berkarar Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga uly şahsy goşant goşdy. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň hem-de merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, oňa ýurdumyzyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak we «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmak barada karara geldik diýip, milli Liderimiz degişli Permana gol çekdi.
Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çynar Rustemowa ýokary döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşuryp, ony bu şanly waka bilen gutlady.
Ç.Rustemowa bu belent mertebäniň diňe özüniň çeken zähmetine däl-de, tutuş türkmen zenanlaryna, diplomatlaryna bildirilen belent ynamdygyny belledi. Bu berlen ýokary döwlet sylagy üç mukaddes gymmatlyga — eziz Watanymyza, halkymyza, mähriban Arkadagymyza buýsanjymy, yhlasymy has-da artdyrýar diýip, Türkmenistanyň Gahrymany nygtady.
Bu gün milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tutuş dünýäde ykrar edilen abraýly döwlet hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Ç.Rustemowanyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň birnäçe ýurdunda, iri halkara guramalarda türkmen döwletine wekilçilik etmek bagtynyň nesip edendigi üçin ol özüni örän bagtly hasaplaýar. Ýurdumyzyň diplomatlary nirede işleseler hem berkarar döwletimiziň, mähriban Arkadagymyzyň elmydama goldawyny ýakyndan duýup işleýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň iň görnükli nusgalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Bu barada aýtmak bilen, Ç.Rustemowa ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýäde dabaralandyrmaga mynasyp goşandyny goşmakda mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman zähmet çekjekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.
Halkymyzyň arasynda “Zenanyň bagty — Zeminiň bagty”, “Enäniň şatlygy — dünýäniň abatlygy” diýilýär. Ç.Rustemowanyň nygtaýşy ýaly, zenanlar, eneler özleri hakyndaky aladalary hemişe ýüreklerinde göterip, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdyp ýaşaýarlar.
Türkmenistanyň Gahrymany döwlet Baştutanymyza belent ynam, mynasyp gören ýokary döwlet sylagy üçin ýene bir ýola sagbolsun aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.