Paýtagtymyzda “Aşgabat” diýlip atlandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy açyldy
26-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan “Aşgabat” diýlip atlandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýaşaýyş toplumy 11 gatly iki binadan, 14 gatly iki binadan hem-de 17 gatly bir binadan ybaratdyr.
124 öýli jaýda üç, dört we ýedi otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşýär. Şolarda giň myhman otaglary, ýatylýan rahat otaglar, döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar, eýwanlar hem-de kömekçi jaýlar bar. Awtoulaglar üçin ýerasty duralga hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda.
Ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň we otaglaryň hemmesi ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda amala aşyryldy. Ýaşaýyş jaýynyň daş-töweregi doly abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga bürendi. Täze binanyň amatlylygyna, ekologiýa we gözellik jähetlerine uly üns berildi.
Açyk howada oýnamak üçin enjamlar bilen üpjün edilen çagalar meýdançasynda körpejeleriň wagtlaryny hoş geçirmegi üçin ähli şertler bar. Işjeň dynç almagy halaýanlara sport meýdançalary niýetlenen. Köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin bina hem bar.
Paýtagtymyzdaky täze ýaşaýyş toplumynyň özboluşly, häsiýetli aýratynlygy barada aýdylanda bolsa her bir ýaşaýyş jaýynyň degişli san belgisinden başga-da, olaryň binanyň ýokarsynda ýerleşdirilen öz ady hem bar. Ozal belleýşimiz ýaly, täze jaý “Aşgabat” diýlip atlandyryldy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.