Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk mynasybetli baýramçylyk dabaralary gtçirildi

19:16 29.09.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/1965/original-161547546425e5.jpeg

28-nji sentýabrda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.

Artistleriň we döredijilik toparlarynyň hem-de bagşylar toparynyň joşgunly çykyşlary bu dabara türkmen toýlaryna mahsus bolan hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bu ýerde göreşýän pälwanlar öz ussatlyklaryny subut etdiler.

Şanly sene mynasybetli toplumyň çäginde däp bolan ak öýler gurnaldy hem-de giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri, özboluşly halk senetleri barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Muzeý gymmatlyklaryny hem öz içine alan giň gerimli sergi ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlandy. Bedewler gadymy döwürlerde-de, häzirki günde-de döredijilik ylhamynyň çeşmesidir.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk sergisini synlady. Şol sergide paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň medeni-taryhy gymmatlyklary ýaýbaňlandyrylypdyr.

Sergide bezeg şaý-sepleriniň we el işleriniň, haly, dokma, ýüpek, keçe, gön we agaç önümleriniň täsin nusgalary, milli saz gurallary, dürli sowgatlyk önümler görkezildi. Türkmenleriň däp bolan lybaslary we başgaplary, hojalykda ulanylýan serişdeleriniň, zähmet gurallarynyň nusgalary we beýlekiler görkezildi. Sergi gymmatlyklarynyň arasynda düýeler üçin niýetlenen bezegler, şol sanda toý kerweniniň aýrylmaz bölegi bolan owadan bezelen kejebe hem bar.

Bu sergi türkmen halkynyň köpugurly zehininiň hem-de zähmetsöýerliginiň, özüniň baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlylygynyň nyşanydyr.

Baýramçylyk dabarasynda “Bedew ata şan getirdiň, Arkadag!” diýen aýdymyň ruhubelentlik we joşgun bilen ýerine ýetirilmegi hemmeleriň göwnüni galkyndyrdy.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Ahalteke bedewleri dürli aralyga geçirilen çapyşyklaryň ýedisinde özleriniň okgunlylygyny we çalasynlygyny görkezdiler. Geçirilen çapyşyklaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşdy.

1400 metr aralyga geçirilen ilkinji dört çapyşykda üçýaşar atlar ýaryşdylar.

Ilkinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly mele bedew 1 minut 31,5 sekunt wagt bilen iň gowy netijäni görkezdi. Ony çapyksuwar B.Babaýew çapdy.

Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup, Içeri işler ministrligine degişli Garabatyr atly gurt mele bedew geldi. Ol bu aralygy 1 minut 33,5 sekuntda geçdi. Onuň çapyksuwary — Ö.Ýalkabow.

Üçünji çapyşykda çapyksuwar N.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gumdag atly dor at 1 minut 31,7 sekunt wagt bilen iň gowy netijäni görkezdi.

Dördünji çapyşykda Energetika ministrligine degişli Menekli atly gara gysrak bedew ýeňiş gazandy. Onuň görkezen netijesi 1 minut 32 sekunda deň boldy. Çapyksuwary — J.Hydyrow.

Galan çapyşyklarda dört we uly ýaşar bedewler ýaryşdylar.

1800 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kelete atly dor bedew 2 minut 2,3 sekunt wagt bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Çapyksuwary — B.Bajamow.

2200 metr aralyga geçirilen altynjy çapyşykda Döwlet daşary ykdysady iş bankyna degişli Syrdaşym atly gyr at iň ýokary netijäni görkezdi. Ol bu aralygy 2 minut 23,7 sekuntda geçdi. Ony çapyksuwar B.Berdimuhammedow çapdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky şeýle aralykdaky jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Goşasakar atly gyr bedew pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 2 minut 31,2 sekuntda geçdi. Çapyksuwary — B.Bajamow.

Soňra ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 1-6-njy çapyşyklaryň ýeňijilerine 100 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň baýragyny — 300 müň manady 2200 metr aralyga geçirilen ýedinji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahaltekeatçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow gowşurdy.

Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda atly sporty höweslendirmek we ösdürmek, seýisleri taýýarlamak we olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, at çapmagyň şöhratly milli däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Milli Liderimiz at çapyşyklarynyň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlap, ähli seýisleri, atşynaslary, şeýle hem tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyna möhüm waka hökmünde giren şanly sene — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Baýramçylyk at çapyşyklary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bäsdeşlik ruhy ýeňiş gazanmak ugrundaky yhlasly ýaryşlara özboluşly öwüşgin çaýdy. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler at çapmagyň ussatlary hasaplanylýar. Bedew hem-de çapyksuwar bir bitewi sazlaşygy emele getirip, hemmeleri haýran galdyrýar.

Milli Liderimiz ýeňiji bolan çapyksuwarlary gazanan ýeňişleri bilen ýene bir gezek gutlap, hemmeler bilen bilelikde edermen harby uçarmanlarymyzyň ýerine ýetiren uçuşlaryny synlady.

Şol pursatda häzirki zaman uçarlaryna erk edýän birnäçe harby uçarmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýokarsyndan baýramçylygyň hormatyna birnäçe çylşyrymly uçar tilsimlerini ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna asmanyň giňişligini salýutyň öwüşginleri bezedi. Munuň özi dabara gatnaşyjylaryň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy.

Harby uçarmanlaryň bu görkezme çykyşlary özleriniň ajaýyp häsiýetleri bilen “asman bedewleri”, “ganatly bedewler” ýaly deňeşdirmelere mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk şan-şöhratynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Gadymy rowaýatlardan mälim bolşy ýaly, ganatly ahalteke bedewleri biziň şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy umyt-arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň nyşanyna öwrüldi. Bu gün ýurdumyzyň harby uçarmanlary tarapyndan ýerine ýetirilen çylşyrymly tilsimler, göýä, ganatly bedewleriň okgunlylygyny görkezýär. Atlaryň çapyşyny uçuş bilen deňeşdirmek bolýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda harby-howa güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Olaryň ygtyýaryna häzirki zamanyň iň kämil we täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tehnikalary gelip gowuşýar. Bu bolsa harby uçarmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

Baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanýan Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ygrarly bolmak bilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan milli Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Häzirki wagtda türkmen uçarmanlary iň täze uçarlara ussatlyk bilen erk edip, olarda çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýärler. Olaryň şu günki görkezme çykyşlary eziz Watanymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralan çäreleriň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz çapyksuwarlaryň höwes edýän ugurlary, geljekde saýlap aljak hünärleri bilen gyzyklandy we olara durmuşda ak ýol arzuw etdi.

Milli Liderimiz çapyksuwarlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Başga habarlar
1661d240a48d7a.jpeg
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 320 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy, - сообщает сайт «Туркменистан: золотой век».


1661cb0f33a15f.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen gutldy

Türkmenistanyň Prezidenti maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen gutldy


1661c7c36bf830.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylary gutlady

1661bcbacd0bba.jpeg
EKSPO-2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň geçiriljek senesi belli boldy

Osakadaky EKSPO-2025 sergisinde Türkmenistanyň Milli güni 14-nji aprelde, ýagny Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň ertesi güni geçiriler.


1661bca6310ebb.jpeg
Türkmen telekeçileri TEIF 2024-e gatnaşmaga taýýarlyk görýärler

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar.