Dubaýda 1-nji oktýabrda «EXPO 2020 » halkara sergisi açyldy
Şu gün, 1-nji oktýabrda Dubaýda «EXPO 2020» iri halkara sergisi öz işine başlady. Bu abraýly halkara forumyna dünýäniň 190-dan gowrak döwleti, şol sanda Türkmenistan gatnaşýar. Halkara sergisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dürli önümleri we maýa goýum taslamalary görkezilýär.
“EKSPO-2020 Dubaý” halkara sergisi 1 oktýabrda açylyp, 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder we dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň ykdysady gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýerli tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalary, harytlary we hyzmatlary daşarky bazarlara çykarmaklygy üpjün eder.
Biziň ýurdumyzyň sergi meýdançasy «Ykjamlyk» mowzuklaýyn bölüminde ýerleşýär. 9-njy oktýabr güni tutuşlygyna Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini, şol sanda nebitgaz toplumynyň gazananlaryny görkezmeklige bagyşlanar.
«EXPO 2020» täze aragatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlarda tejribe alyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge netijeli meýdança bolup hyzmat eder.
Sergidäki diwarlyklar bilen expo2020dubai.com saýty arkaly wirtual ýagdaýda hem tanşyp bolar.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.