2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary makullanyldy
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary hödürlenildi. Şolar geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça seçilip alyndy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda geçiriljek ýazuwyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny belledi. Munuň özi döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygaryň hem-de nyşanyň hödürlenen taslamalaryny makullady. Nyşanda Döwlet baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri hem-de çäräniň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan “2022” san şekillendirildi. Milli Liderimiz bu çäräni halkara talaplara laýyklykda, üstünlikli geçirmek maksady bilen, oňa taýýarlanmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.