Habarlar

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

https://ussatnews.com/storage/posts/2003/original-1615bc018b9aec.jpeg

,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uly toý tutumlaryna beslenýän günlerinde ,,Türkmennebit’’ döwlet konserniniň ,,Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri’’ syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky üçünji sany çapdan çykdy. Nebitgaz toplumynyň we onuň ylmy edaralarynyň, beýleki ylmy-barlag institutlaryň işgärleriniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyndaky özgerişler, amala aşyrylan we alnyp barylýan işler, Prezident maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi hakynda makalalaryny, ylmy seljermelerini, tekliplerini hem-de pikirlerini üç dilde yzygider çap edýän neşiriň täze sanynda okyjylaryň ünsüni çekjek materiallaryň birnäçesi ýerleşdirilipdir. Žurnalyň bezeg işleriniň hem ýokary derejede ýerine ýetirilendigini bellemelidir.

Neşiriň ilkinji sahypalary žurnalyň jogapkär redaktory Muhammetmyrat Atagarryýew bilen ,,Türkmennebit’’ DK-nyň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewanyň ,,Garaşsyzlyk -- halkymyzyň owazy’’ makalasy bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe ýeten sepgitleri, mineral çig mal binýady, ýangyç-energetika senagatynyň kuwwaty barada söbet açylýar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Arslan Geldimyradowyň ,,Ýerasty gaz saklawhanasynyň ulanylyşyny gözegçilikde saklamagyň tehnologiýasy’’ diýen makalasy möhüm temany gozgaýar. Awtoryň bellemegine görä, ýerasty gaz saklawhanasy (ÝGS) çylşyrymly ylmy-tehniki mesele bolmak bilen, emeli gaz känini döretmeklikdir. Geçirilen barlaglaryň esasynda, Türkmenistanyň şertinde ÝGS üçin oňaýly geologiki gurluşlar hökmünde suwly gatlaklary ulanyp bolýandygy anyklanyldy.

,,Türkmennebit’’ DK-nyň Nebit pudagyny seljeriş, jemleýiş we innowasion tehnologiýalar bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty Ramazan Udumowyň ,,Ýurdumyzyň nebit pudagy – Garaşsyzlyk ýyllarynda’’ diýen makalasynda adyndan belli bolşy ýaly, nebit pudagynyň özygtyýarlygymyzyň gazanylmagynyň netijesinde depginili ösüşi, häzirki döwürde alnyp barylýan işler, nebit senagatynyň geljegi, daşary ýurt kompaniýalary bilen amala aşyrylýan netijeli hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň berilýär. Bu pudak hemişe bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizde möhüm orunda durýar.

Žurnalyň şu sanyndaky ,,Türkmennebit’’ DK-nyň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ylmy işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Annaguly Derýaýewiň ,,Nebit ýataklaryny işläp geçmegiň esaslary’’ atly makalasynda nebit ýataklaryny rejeli işläp geçmek, ýatagy rejeli işläp geçmek üçin ulanylyş desgalarynyň dogry saýlanylmagy, ulanyş desgalarynyň bölünip berilmegi, işläp geçmegiň her bir görnüşi üçin düýpli maýa goýumlarynyň we ulanyş çykdajylarynyň möçberiniň anyklanyşy, nebitiň özüne düşýän gymmatynyň ýüze çykarylyşy hakynda ylmy seljermeler beýan edilýär.

Žurnalyň beýleki materiallarynda Altyguýy käniniň hasaplama görkezijileriniň kesgitlenilişi, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynyň gurluşara eňňitleriniň nebitgazlylyga bolan gelejegi, ýylylyk turbaly gelioguradyjy desgasy barada ,,Türkmengaz’’, ,,Türkmennebit’’ döwlet konsernleriniň ylmy edaralarynyň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlarynyň ylmy pikirleri aýdylýar.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.