Towsulýan ýüpüň peýdasy
Towsulýan ýüp bedeniň artykmaç agramyny aýyrmakda örän peýdalydyr. Mysal üçin, 60 kg agramy bolan adam 1 sagat towsulýan ýüpde meşgullansa, ortaça 750 kkal ýakýar. Adamyň agramyna, çalt böküşine, towsulýan ýüpdäki ýygjam hereketine görä, kaloriýanyň sarp edilişi has-da artyp biler. Kaloriýanyň ýakylyşy bilen baglylykda ýaglar dargaýar. Bu hem horlanmaga şert döredýär.
Bu sport esbaby örän ýeňil bolup, ulanmaga amatlydygy we hemmelere elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Beden saglygyny pugtalandyrmagyň bu ýönekeý görnüşi bilen meşgullanmak iş-aladasy başyndan agdyk diýilýänlere-de amatlydyr. Towsulýan ýüp yzygider ulanylanda, iýmit siňdiriş ulgamynyň, dem alyş ýollarynyň, ýüregiň, gan damarlarynyň işine peýdaly täsirini ýetirýär, warikozda öňüni alyş çäresi hökmünde peýdalydyr.
Onuň bilen günde bary-ýogy 10 — 15 minut meşgullanylsa hem bedeniň syratlylygyny gazanmak mümkin. Türgenleşigiň netijesinde adamyň bedeniniň şikesli agzalary ýuwaş-ýuwaşdan berkeýär we agyryly ýerleriň saglygy dikelýär. Towsulýan ýüp bilen meşgullanylanda, adamyň hemme myşsalary diýen ýaly işleýär. Injikde, bilde we butda ýerleşýän myşsalar bu prosese işjeň gatnaşýarlar, emma esasy agram injikdäki myşsalara düşýär. Şeýle-de adamyň garnynyň göni we göni däl myşsalary, bedeniň arka böleginiň boýun, döş, biloňurga myşsalary hem türgenleşige işjeň gatnaşýar.
Towsulýan ýüp bedeni gyzdyrýan türgenleşik bolup, ol ylgawyň ornuny tutup bilýär.
Ahmet SAPARMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.