Her gün irden ýyly suw içmek nämä peýdaly?
Her gün irden 42-45 dereje gyzdyrylan arassa suwy ajöze içmegiň saglyga peýdasy uludyr. Onuň ynsan bedenine getirýän peýdasy «cursorinfo.co.il» web sahypasynda beýan edilýär. Ol:
— bedeni işjeňleşdirýär, onuň oýanmagyna we içege peristaltiki prosesiniň başlanmagyna kömek edýär;
— gijeki ukudan soň, bedende dörän suwuklyk ýetmezçiliginiň öwezini çalt we netijeli doldurýar hem-de suw deňagramlylygyny kadalaşdyrýar;
— aşgazan-içege ulgamynyň ýylmanak myşsalarynyň gowşamagyna, içege ýellenmesinden gutulmaga kömek edýär;
— metabolizmi «tizleşdirýär» we madda çalşygyny 30% çaltlaşdyrýar, iç keselinden saplanmaga we bedeni arassalamaga ýardam edýär;
— deriniň ýagdaýyny gowulaşdyrýar, artykmaç ýaglary aýyrýar;
— bedende peşew ulgamynyň işini kadalaşdyrýar.
Myratnazar GIRMÄÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.