Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

11:26 06.10.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/2013/original-1615d4191a9c01.jpeg

6-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Ilkibaşdan birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak, netijelilik hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygy özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýär.

4-nji oktýabrda Daşkentde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna hem-de ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasyndaky möhüm işewürlik çäresine öwrüldi. Onuň çäklerinde birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary-da geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda berkidildi. Şol resminamalar bolsa türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge, hususy ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Irden döwlet Baştutanymyz “Kuksaroý” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde, köşgüň girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, köşgüň öňündäki meýdança barýarlar. Şol ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite niýetlenen münbere barýarlar. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Meýdançada nyzama düzülen Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçýärler hem-de Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny hormatlaýarlar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.

Dabara tamamlanandan soň, Hormat garawulynyň esgerleri meýdançadan dabaraly gadam urup geçýärler.

Soňra iki ýurduň Liderleri “Kuksaroý” köşgüne tarap ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi taýdan surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany özbek topragynda mähirli mübärekläp we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy golaýda bellenilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Biziň her bir duşuşygymyz taryhy hem-de şanly wakadyr diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy we gazanylan ylalaşyklaryň ählisiniň durmuşa geçirilýändigini, iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat edýändigini nygtady.

Özbek Lideri şu günki gepleşikleriň hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga hem-de uzak möhletli geljek üçin täze wezipeleri kesgitlemäge oňat mümkinçilik berýändigini belläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň saparynyň köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda sebit we halkara meýdançalarda gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe Özbegistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, özbek kärdeşine öňümizdäki Prezident saýlawlarynda üstünlik arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, doganlyk Özbegistan özüniň milli Lideriniň baştutanlygynda hemmetaraplaýyn ösüşde, ýurduň halkara abraýyny pugtalandyrmakda we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanýar. Ýurdumyzda bu üstünliklere tüýs ýürekden guwanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, soňky ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistan we Özbegistan sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny hem-de gabat gelýändigini görkezip, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyk edýärler.

Ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we uzak möhletli geljek bilen baglylykda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunda taraplaryň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly şertlere garamazdan, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly artýandygy hem-de onuň oňyn ösüşini saklap galmak üçin ähli şertleriň bardygy bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işjeň ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy. Ýurtlarymyz munuň üçin ýeterlik derejede kuwwata, şol sanda özara söwdanyň, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak babatda uly kuwwata eýedir.

Bu babatda işewürlik çärelerini geçirmek möhüm orun eýeleýär. Ykdysady forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň we ýarmarkalaryň geçirilmeginiň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri hem-de olaryň döwlet düzümindäki hyzmatdaşlary üçin göni gatnaşyklary ýola goýmakda we bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça içgin pikir alyşmakda täsirli binýat bolup durýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, düýn geçirilen bilelikdäki ykdysady forumyň hem-de Bilelikdäki hökümetara toparyň sentýabr aýynda Daşkentde geçirilen nobatdaky mejlisiniň netijeli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Iki ýurduň sebitleriniň, ilkinji nobatda, serhetýaka sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly kuwwaty aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleriniň 22-nji sentýabrda Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlaryna bolan saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň belleýişleri ýaly, şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de höweslendirmäge ýardam edýär.

Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem işjeňleşdirildi. Döwletleriň ikisi hem öňden gelýän hoşniýetli däplere esaslanýan bu işlere hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar sebit we ählumumy syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň hem-de şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu derejede geçirilen sammitiň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de umumy abadançylygyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Milli Liderimiz Özbegistanyň Baştutanyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny özbek topragynda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Özbegistanyň we Türkmenistanyň doganlyk ýurtlardygyny, ygtybarly dostlardygyny we strategik hyzmatdaşlardygyny nygtady. Döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary, işjeň gatnaşyklar taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanmasyny we ymtylmasyny görkezýär. Bilelikdäki tagallalaryň we berk syýasy erk-islegiň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Baştutany özara haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşini belledi. Soňky ýyllarda bu görkeziji üç essä golaý artdy. Saparyň öňüsyrasynda bilelikdäki ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Bu forum netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen oňat netijeleri berdi.

Özbek Lideriniň belleýşi ýaly, ikiçäk gepleşikleriň barşynda uzak möhletli geljek üçin giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şu maksatlar bilen bar bolan serişdelerden hem-de mümkinçiliklerden has doly peýdalanmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Özara söwdanyň sanawyny giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dürli pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, isleg bildirilýän önümleri öndürmek hem-de üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykmak, logistika düzümini kemala getirmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar degişli ýolbaşçylara “Ýol kartasyny” taýýarlamagy tabşyrmak barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen birlikde Prezident Şawkat Mirziýoýew sebit derejesinde döwletara hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny belledi. Hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, sebitleriň ikitaraplaýyn forumyny ýola goýmak hem-de onuň birinji duşuşygyny öňümizdäki ýylda Hywada geçirmek teklip edildi.

Ulag ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, üstaşyr geçelgeleri ösdürmek taraplaryň ykdysady bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr. Bu ulgamdaky utgaşykly bilelikdäki tagallalar ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmaga hem-de iki ýurduň üstaşyr kuwwatyny açmak üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Özbegistanyň türkmen tarapynyň Aşgabat ylalaşygyny ilerletmek hem-de Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň düzümini doly güýjünde ulanmak baradaky başlangyçlaryny goldaýandygy nygtaldy.

Özbek Lideri suw hojalyk meselelerini çözmekde öz ýurdunyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda degişli hökümetara toparyň birinji mejlisiniň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

Parlamentara derejede gatnaşyklary pugtalandyrmak hem möhümdir. Bu babatda bilelikdäki işiň oňat tejribesi toplanyldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň halklarynyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny nygtady. Özara Medeniýet günleriniň, döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň, ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň duşuşyklarynyň we beýleki çäreleriň guralmagy muňa ýardam etmelidir. “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly Daşkent halkara kinofestiwalynyň çäklerinde geçirilen Türkmen kinosynyň günleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Özbegistanda türkmenler uly kowçum bolup ýaşaýar. Olaryň mundan beýläk-de ene dilini, medeniýetini, däp-dessurlaryny ösdürmegi üçin ähli şertler üpjün ediler. Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda döredilýän “Daşkent” seýilgähiniň iki halkyň arasyndaky dostlugyň täze nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şunda Daşkendiň ýaşaýjylarynyň arasynda “Aşgabat” seýilgähiniň uly meşhurlyga eýe bolandygy bellenildi. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň adyny göterýän köçe şol seýilgähe alyp barýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen Lideriniň şu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Milli Liderimiz özbek kärdeşine ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik, netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirip, şu resmi saparyň döwletara hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk we ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ony täze, geljegi uly ugurlara çykarmak maksatlaryna hyzmat edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň häzirki derejesi Türkmenistana hem-de Özbegistana geljek üçin öz gatnaşyklaryny ynamly guramaga, halkara syýasatyň derwaýys meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň uzak möhletli meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen-özbek syýasy gatnaşyklarynda abraýly halkara we sebit düzümleriniň — BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Taraplar esasy halkara meseleler boýunça garaýyşlaryň meňzeşligine eýe bolmak bilen, dünýä giňişliginde özleriniň ädimlerini utgaşdyrýarlar, birek-biregi goldaýarlar. Munuň özi diňe bir biziň sebitimizde däl, eýsem, onuň çäklerinden daşda hem anyk netijeleri gazanmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Özbegistan Respublikasy ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň 17-siniň, beýleki teklipleriň, şol sanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine BMG-niň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek baradaky başlangyjynyň awtordaşy bolup durýar we olara gatnaşyjylaryň hataryna girýär. Öz nobatynda, Türkmenistan Özbegistanyň halkara tagallalaryna uly ähmiýet bermek bilen, onuň oňyn başlangyçlaryny we tekliplerini ençeme gezek goldady.

Şeýlelikde, biziň ýurdumyz Özbegistan Respublikasynyň başyny başlan, Aralýaka sebiti “ekologik innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň zolagy” diýip yglan edýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň awtordaşy bolup durýar. Bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Türkmenistan özbek tarapynyň BMG-niň howandarlygynda özara Ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyny ösdürmegiň sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny-da goldady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit hyzmatdaşlygy barada durup geçip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljeginiň uludygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl biziň ýurdumyz YHG-da başlyklyk edýär hem-de Özbegistanyň öňümizdäki çärelere işjeň gatnaşmagyna umyt edýär. Şol çäreleriň esasylarynyň biri-de YHG-nyň 15-nji sammitidir. Bu sammiti 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Sebit durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň bu meselä çemeleşmeleriniň üýtgewsizdigini we yzygiderlidigini aýtdy.

Milli Liderimiz biziň döwletlerimiziň ýokarda agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygynyň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, ony durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek işinde uly peýda getirmäge ukyplydygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli syýasy gepleşikleri, şol sanda owgan meselesi boýunça gepleşikleri geçirmek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy durmak, Merkezi Aziýada suw serişdelerini aýawly we rejeli ulanmak, Aral meselesini çözmek ýaly möhüm ugurlar boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny dowam etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň suw hojalyk meselelerinde hyzmatdaşlygynyň deňhukuklylyk we özara hormat goýmak häsiýetine eýedigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň köpýyllyk we ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Biz dürli pudaklarda özara gatnaşyklaryň giň mümkinçiliklerine, hökümetara we pudagara derejelerde toplanan tejribä ýokary baha berýäris.

Umuman, bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilip, hil taýdan pugtalandyrylýar. 2021-nji ýylyň 7 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň görkezijisi ABŞ-nyň 230 million dollaryna barabar boldy, ýeňil senagat, maşyngurluşyk, nebithimiýa, oba hojalygy we gurluşyk serişdeleri ýaly ugurlarda import şertnamalarynyň 194-si bellige alyndy.

Şunuň bilen birlikde, taraplaryň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak üçin uly giňişlik bar diýip, milli Liderimiz belledi. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň golaýda geçirilen 16-njy mejlisiniň barşynda ýakyn ýyllarda özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we onuň möçberini artdyrmaga özara gyzyklanma hem-de taýýarlyk beýan edildi. Şeýle hem senagat taýdan goşulyşmagy ösdürmegiň we söwda hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, şu saparyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan özbek kärhanalary bilen olaryň öndürýän, umumy bahasy ABŞ-nyň 307 million dollaryndan gowrak bolan önümlerini satyn almak babatda şertnamalary baglaşmak boýunça anyk teklipleriň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga saldamly goşant bolar.

Türkmenistan üçünji ýurtlara ibermek üçin niýetlenen oba hojalyk çig malyny, hususan-da, miwe, gök-bakja önümlerini gaýtadan işlemek ulgamynda hem-de himiýa, dokma senagaty önümlerini öndürmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerini ýola goýmagyň geljegini öwrenmek üçin açykdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Söwda öýlerini açmak boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Himiýa senagaty ulgamynda iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, iri şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy. Milli Liderimiz bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen bilelikdäki taslamalary, hususan-da, türkmen kärhanalarynda çykarylýan karbamidi daşary ýurt bazarlaryna ibermek hem-de Türkmenistanyň çäginde ýoduň, bromyň we natriý sulfatynyň önümçiligini guramak boýunça taslamalary amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi teklip etdi.

Ýurdumyz Özbegistanyň metallurgiýa ulgamyndaky kuwwatyny we tejribesini nazara almak bilen, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energetikasy ulgamynda hem özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň özbek hyzmatdaşlary bilen bilelikde elektrik serişdeleriniň iberilýän möçberlerini ep-esli artdyrmak hem-de olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardygyny tassyklady.

Häzirki wagtda ulag ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň tagallalary baş maksada ýetmäge — Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün etmäge ukyply kuwwatly hem-de döwrebap düzümiň döredilmegine gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir.

Hususan-da, biziň ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi ugry boýunça, soňra Gara deňziniň portlary arkaly Ýewropa çykmak bilen, ulag ýollaryny ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek babatda işjeň gatnaşyklaryň zerurdygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, öz döwründe biziň iki döwletimiz tarapyndan bu taslamanyň başy başlandy.

Umuman, türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolýar hem-de Türkmenistan onuň netijeli ilerledilmeginiň üstünde yzygiderli işlär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek we giňeltmek döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudyr. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar has işjeňleşdirildi. Medeniýet we kino günleriniň, bilelikdäki konsertleriň, sergileriň hem-de festiwallaryň özara guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Dek düýn “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly 13-nji Daşkent halkara festiwalynyň çäklerinde Türkmen kinosynyň günleri tamamlandy. Bu çäre Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň wekillerini birleşdirdi.

Döwlet Baştutanymyz ylym ugry boýunça hyzmatdaşlyga, iki döwlet üçin hem wajyp bolan ulgamlarda bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýmaga uly üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda özara gatnaşyklar boýunça resminamalary taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.

Syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin uly kuwwat bar. Biziň ýurtlarymyzyň bütindünýä ähmiýetli taryhy-medeni desgalary, hususan-da, Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç, Hywa, Buhara, Samarkant we beýleki köp sanly ajaýyp ýerleri bar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz serhetýaka çäklerde geljekde bitewi syýahatçylyk giňişligini kemala getirmäge gönükdirilen umumy syýahatçylyk ulgamlaryny döretmegiň üstünde oýlanmagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, bilelikdäki tagallalar netijesinde döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli, okgunly ösdürilýändigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe we Özbegistanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna özara gatnaşyklaryň meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy, Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şol resminamalaryň hatarynda Raýatlar üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek hakynda Ylalaşyk, raýatlaryň özara saparlary barada Teswirnama, Adalat ministrlikleri we Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky Ähtnamalar, 2024-nji ýyla çenli medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasy, Biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça Ylalaşyk, 2025-nji ýyla çenli ösümlikleriň karantini we goragy barada çäreleriň meýilnamasy, hojalyk şertnamalary, Himiýa senagaty ulgamyndaky Ähtnama, Serhetýaka söwda merkezi, özara söwda we maýa goýumlary, metrologiýa ulgamyndaky Ylalaşyklar, Statistika we iş üpjünçiligi ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk babatyndaky Ähtnama, Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar baradaky Ähtnama, Üstaşyr we demir ýol gatnawlary baradaky Ähtnama, aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk, Daşoguz — Gürlen barlag geçiriş nokadyny işe girizmek hakyndaky Teswirnama, ulag ulgamyndaky Ýol kartasy, maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama bar.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Başga habarlar
1663f14a35f5d6.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini we maddy-tehniki binýadyny berkitmegiň ýollary maslahatlaşyldy

10-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.


1663f3f85493a3.jpeg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

Kabulda türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň dag magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşyk geçirildi.


1663d10e048d0d.jpeg
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

1663d0d5e2e012.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy.


1663cf670453b8.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady.