Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

12:08 06.10.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/2014/original-1615d4b7b7a08c.jpeg

6-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gepleşikleriň jemleri barada aýdyp, şu gün düýpli we netijeli gepleşikleriň geçirilendigini belledi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn nygtalyşy ýaly, Özbegistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýär. Şol hyzmatdaşlyk biziň köpasyrlyk dostluga, taryhyň, medeniýetiň, halklarymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň we däpleriniň umumylygyna esaslanýar. Şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeleri taraplaryň özara gatnaşyklary has-da giňeltmäge ymtylýandygyny we şol gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Doganlyk Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidilmegi Özbegistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar diýip, özbek Lideri belledi. Biziň döwletlerimiz hyzmatdaşlyk meseleleriniň ählisine içgin çemeleşmäni görkezýärler. Munuň özi anyk netijeleri gazanmaga ýardam edýär.

Özbegistanyň Baştutany soňky ýyllarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň üç esse artandygyny mysal getirdi. Pandemiýanyň ähli çylşyrymlylyklaryna garamazdan, şu ýyl hem biziň ýurtlarymyza özara söwdany artdyrmak başartdy. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly kanunçylyk binýadynyň döredilendigine şaýatlyk edýär.

Bellenilişi ýaly, düýn geçirilen ykdysady forumyň jemleri boýunça söwda şertnamalarynyň we maýa goýum ylalaşyklarynyň uly toplumyna gol çekildi. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de energetika, oba hojalygy, senagat, himiýa, ulag, logistika ýaly ulgamlarda, şeýle hem bäsdeşlige ukyply eksport ugurly önümleri çykarýan önümçilik kärhanalaryny döretmek boýunça anyk taslamalary durmuşa geçirmek barada ylalaşyklar gazanyldy. Munuň özi geçirilýän gepleşikleriň we kabul edilýän çözgütleriň netijeliliginiň tassyknamasydyr.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şeýle hem şu gün ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we pugtalandyrmak, ony täze ugurlara çykarmak, telekeçiligi ýakyndan goldamak boýunça mundan beýläkki ädimleriň kesgitlenendigini belledi.

Haryt dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak bu babatda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Munuň üçin bolsa ähli mümkinçilikler bar.

Üçünji ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, biri-birimizde bazarlary döretmek barada ylalaşyldy. Şu gün gol çekilen serhetýaka söwda zolagy hakynda Ylalaşyk hem şoňa ýardam eder diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy.

Senagat kooperasiýasyny ösdürmäge, awtomobilleri düzmek, elektrotehniki önümleri, gurluşyk serişdelerini öndürmek, pagtany we gök önümleri gaýtadan işlemek, döwrebap logistik düzümi döretmek babatda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli ýol kartasyny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.

Sebitara gatnaşyklary ösdürmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudyr. Golaýda Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleriniň Buhara hem-de Ürgenje netijeli saparlary boldy diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi hem-de Özbegistanyň we Türkmenistanyň serhetýaka welaýatlarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugruna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň her ýyl iki döwletiň sebitleriniň forumyny geçirmek barada ylalaşyk gazanandyklary habar berildi. Geljek ýyl Özbegistan türkmen dostlaryny hem-de hyzmatdaşlaryny Hywada garşylamaga taýýardyr.

Özbek Lideri uly ähmiýet berilýän ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesine gaýdyp gelip, pandemiýa bilen şertlendirilen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, ýylyň başyndan bäri ýük daşamagyň möçberleriniň artýandygyny belledi. Taraplar mundan beýläk-de ulag geçelgelerini netijeli ulanmak üçin oňaýly mümkinçilikleri üpjün etmek, şol sanda Aşgabat ylalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hem-de Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak barada ylalaşdylar.

Howanyň üýtgemegini nazara almak bilen, Özbegistan suw we ekologiýa ulgamlarynda, şol sanda halkara düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. Şunda Prezident Şawkat Mirziýoýew Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň başlanandygyny we onuň birinji mejlisiniň netijeli jemlerini kanagatlanma bilen belledi. Mundan başga-da Soltan Sanjar bendiniň durkuny täzelemegiň taslamasy durmuşa geçirilip başlandy.

Sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, hususan-da, Owganystandaky ýagdaýa degişli meseleler gepleşikleriň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi. Biziň ýurtlarymyz Owganystanda uzak möhletli parahatçylygy we durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, şol sanda iri taslamalary durmuşa geçirmek, halkara guramalaryň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmek arkaly ösüşi ýola goýmak maksady bilen, mundan beýläk-de owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň taryhy ähmiýeti ýene-de bir gezek bellenildi. Onuň baý gün tertibi hem-de maksatnamasy sebitiň ýurtlarynyň jebisligini, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga umumy meýlini ýene-de bir gezek görkezdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew noýabr aýynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň hem üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplaryň BMG-niň hem-de beýleki abraýly köptaraply düzümleriň çäklerinde başlangyçlary, şol sanda lukmançylyk diplomatiýasynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini bilelikde ilerletmäge taýýardyklaryny tassyklandyklary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleriniň ähmiýeti we zerurlygy bellenildi. Lukman hünärmen hökmünde türkmen Lideri bu meseläni çuňňur bilýär.

Sebitiň çäklerinden daşary çykýan Aral meselesine we bu ugurda utgaşykly gatnaşyklara hem aýratyn üns berildi.

Gepleşiklerde medeni-ynsanperwer alyşmalar meselesi, ýaşlar syýasaty möhüm orun eýeledi. Şeýle hem Daşkent halkara kinofestiwalynyň çäklerinde Türkmen kinosynyň günleriniň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Iki ýurduň medeniýet we sungat, bilim we ylym edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki çäreleri guramak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Baştutany hormatly Prezidentimize Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň gurluşygy üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Bu seýilgäh biziň doganlyk halklarymyzyň köpasyrlyk dostlugynyň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüler.

Özbek Lideri geçirilen gepleşiklere uly kanagatlanma bildirip, özara tagallalaryň ählisiniň möhüm maksada ýetmäge — biziň doganlyk halklarymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, iki ýurduň we tutuş sebitiň durnukly ösüşine gönükdirilendigini belledi. Gepleşikler taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Gol çekilen resminamalaryň uly toplumy hem muňa şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de ähli özbek hyzmatdaşlaryna bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, özara düşünişmek, hormat goýmak hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ruhunda geçen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, geçirilen duşuşyklaryň barşynda iki döwletiň bähbitlerine hyzmat edýän ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklara Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň hemişe ygrarlydygy tassyklanyldy.

Dürli ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrmak üçin zerur mümkinçiligiň bardygy bellenildi. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kesgitleýän resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Gepleşiklerde taraplaryň ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermegi özara maksat edinýändigi tassyklanyldy. Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hem ýaragsyzlanmak, halkara terrorçylyga, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri çözmekde ýakyndan gatnaşyk etmegi ylalaşdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Taraplar sebitleýin syýasatyň wajyp meselelerini çözmäge çemeleşmeleriň gabat gelýändigini tassyklap, iri halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda hem-de birnäçe beýleki sebit düzümlerinde utgaşykly işlemegi we özara goldaw bermegi dowam etmek barada ylalaşdylar.

Gepleşiklerde Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi.

Türkmenistan hem-de Özbegistan Merkezi Aziýanyň parahatçylykly we durnukly ösmegini, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagyny üpjün edip biljek pugta we netijeli gurallaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti nygtalyp, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen sammitiň we onda kabul edilen möhüm çözgütleriň ýokary netijeliligi bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda Owganystandaky ýagdaýlara hem üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, owgan meseleleri boýunça biziň garaýyşlarymyzyň meňzeşdigini bellemek gerek. Milli Liderimiz owgan ugrunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşyklarynyň bu ýurtda syýasy ýagdaýyň kadalaşdyrylmagynda, ykdysady we durmuş ulgamynyň täzeden dikeldilmeginde, sebit hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna giňden goşulyşmagynda uly peýda getirip biljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, taraplaryň gün tertibiniň durnukly ösüş hem-de onuň düzümleýin bölekleri — energiýa howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny dowam etmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Durnukly energetika ulgamynda gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň sebitde iri möçberli energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy barada barýar. Şol taslamalaryň hataryna Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny goşmak bolar. Mundan başga-da biziň ýurdumyz Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektrik energiýasynyň iberilişini artdyrmak boýunça meýilnamalaryň çäklerinde Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyr.

Ulag ulgamynda biz Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly we häzirki zaman düzümini döretmek maksady bilen bilelikde işlemegi dowam ederis. Hususan-da, Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — ondan aňry Gara deňziniň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy boljak ugur boýunça multimodal ulag geçelgesini doly derejede işe girizmek üçin, Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Gepleşiklerde ekologiýa meselelerine, hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini has-da pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge aýratyn orun berildi. Bu gazna Aral ýakasyndaky ekologiýa hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm sebit düzümidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň kuwwatly senagat we düzümleýin mümkinçiliklerine laýyklykda, bu ulgamda gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de geljegi uly täze ugurlara çykmagyň zerurdygy barada umumy pikire geldiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu işlerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly orun berilýär.

Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçiligi bolan birnäçe anyk ugurlar we pudaklar bar. Olar obasenagat pudagy, energetika, himiýa senagaty, maşyngurluşyk ulgamy, dokma, gaýtadan işleýän, dag magdan gazyp alyjy pudaklardyr. Şunuň bilen birlikde, elbetde, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak üçin hem biziň köp mümkinçiliklerimiz bar.

Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, şu saparyň dowamynda türkmen tarapynyň özbek kärhanalary tarapyndan öndürilýän, bahasy ABŞ-nyň 300 million dollaryndan gowrak bolan harytlary we önümleri satyn almaga şertnamalary baglaşmak boýunça teklipleri öňe sürendigini aýtdy. Türkmen-özbek serhetýaka söwdasy zolagyny döretmek, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramak, haryt öndürijileriň sergilerini geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşygyň dowamynda biz medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini kanagatlanma bilen belledik. Bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmek, iki ýurduň raýatlarynyň giňden gatnaşyk etmekleri üçin şertleri döretmek barada ylalaşdyk. Özara medeni mirasa taraplaryň uly gyzyklanma bildirýändigi bellenilip, 2022-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň döwletimiz üçin Özbegistan hoşniýetli goňşy, doganlyk ýurt we halk, ygtybarly hyzmatdaşdyr. Biz onuň bilen gatnaşyklary strategik geljegi nazara alyp guraýarys. Şolaryň tapawutly häsiýetleri deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak, dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine özara düşünişmek bolup durýar. Biz ysnyşykly köptaraply gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigine, sebit we halkara işleriň barşyna oňyn täsir edýändigine düşünip, bar bolan mümkinçiligimizi doly derejede ulanarys.

Döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşini 2007-nji ýyldan, ýagny 14 ýyla golaý wagtdan bäri tanaýandygyny nygtady. Şol ýyllarda biz dürli wezipelerde işläp, uzak wagtlyk şahsy gatnaşyklarymyzyň netijesinde biri-birimizi oňat tanadyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ol sowatly hem-de öz işini bilýän jogapkär ýolbaşçy. Özbegistanyň Baştutany Türkmenistana uly kömek berýär. Diňe ýekeje mysal getireýin. Pagta ösdürip ýetişdirmek boýunça onuň maslahatlaryny we tekliplerini biz öz ýurdumyzda üstünlikli ulandyk hem-de bu möhüm oba hojalyk ekinini ösdürip ýetişdirmegiň möçberiniň ep-esli ýokarlanmagyny gazandyk. Şunda Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewiň hyzmatlary örän uludyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biz doganlyk Özbegistanyň hormatly Prezidenti bilen, haýsy wezipede işleýändigimize garamazdan, hakyky dostlardyrys. Biziň birek-birege gatnaşyklarymyz hemişe meňzeşdir, hormatlydyr we hoşniýetlidir. Şonuň üçin hem biz bu gatnaşyklarymyza uly sarpa goýýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biziň halkymyzda gowy goňşulara asmandan berlen bagtly serpaý diýilýär. Biziň baky hoşniýetli goňşymyzyň — ajaýyp özbek halkynyň ýurdy ösüşiň täze sepgitlerine hem-de belentliklerine alyp barýan şeýle başarnykly, öňdengörüjilikli, parasatly we pragmatik döwrebap Lideriniň bardygyna buýsanýarys. Özbegistanyň öňünde möhüm syýasy möwsüm bar. Biz taryhy goňşymyz bolan doganlyk özbek halkynyň öz ýurdy üçin mynasyp hem-de parasatly ýolbaşçyny saýlamagyna umyt edýäris. Şawkat Miromonowiç Mirziýoýew hut şeýle ýolbaşçydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz saparymyzyň netijelerinden örän kanagatlanýarys, şonuň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek wekiliýetiniň agzalaryna ýakyndan gatnaşyk etmäge açyklyk hem-de taýýarlyk üçin minnetdarlyk bildirip, tutuş Özbegistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we bagt arzuw etdi.

Başga habarlar
1664642dcee4df.jpeg
Ankara we Baku Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä türkmen gazyny ibermegi ylalaşdylar

Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mihail Jabbarow 14-nji maýda Stambulda Tebigy gaz ulgamynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, TRT türk ýaýlymy habar berýär.


1664605de7fe42.jpeg
TNGIZT-de “Gidro Plýus” dizel ýangyjyny öndürmegiň tehnologiýasy ornaşdyryldy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Gidro Plýus” dizel ýangyjyny öndürmegiň tehnologiýasy önümçilige ornaşdyryldy.


16645e5971833b.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky çykyşy

16645d49768862.jpeg
Nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.


16645019928544.jpeg
Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI we bu institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.