Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi
8-nji oktýabrda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan we onlaýn görnüşde geçirilen bu çärä alym-lukmanlar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri — BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory H.Klýuge, BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ý.Zaýsew, BMG-niň diplomatik missiýalarynyň wekilleri hem-de düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary hem-de ylmy intelligensiýanyň wekilleri, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň başlygy, professor Klaus Parhofera we beýlekiler gatnaşdylar. Halkara foruma daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.
Forumyň işiniň barşynda ýokanç kesellere garşy göreş, saglygy goraýyşda sanlylaşdyrmak işleriniň orny, COVAX guraly bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy, bir söz bilen aýdylanda, ilatyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolan hem-de häzirki zaman lukmançylygynyň durnukly ösüşine ýardam berýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara lukmançylyk-arassaçylyk işleriniň gazananlary esasynda emele gelen kadalara daýanýan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda häzirki zaman lukmançylygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bu gün netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bu ulgamda tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasy aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip belleýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürýän, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda iş ýüzündäki gatnaşyklary has berkidip, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.
Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamasyny taýýarlamak dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirip, bu ýokanjyň täze görnüşleriniň ýüze çykmagynyň sebäplerini aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berer diýip belleýär.
Şu gezekki forumyň barşynda bütin dünýäni gurşap alan pandemiýa bu ählumumy howpa garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýändigi, lukmançylyk diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet bermek zerurlygyny ýüze çykarandygy nygtaldy. Türkmenistan dünýäde ilkinji ýurtlaryň hatarynda COVID-19-yň öz çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri gördi, dünýäniň köp döwletleriniň ykdysadyýetlerine we adamlaryň abadançylygyna oňaýsyz täsirini ýetiren berk karantin çäklendirmelerini girizmekden saklanmagy başardy.
Öňdengörüjilikli strategiýa hem-de milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar ählumumy goldawa eýe bolýar. Raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmak işinde Türkmenistan ozaly bilen, döwletiň durmuş syýasatyna, lukmançylyk hyzmatlary ulgamynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine, kämilleşdirilmegine, ekologiýa abadançylygy baradaky alada, jemgyýetiň her bir agzasynyň aňynda hem-de durmuşynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine daýanýar.
Bu wezipeleriň oňyn çözülmegi, ilkinji nobatda, degişli jemgyýetçilik aňyýetiniň kemala gelmegine baglydyr. Şoňa görä-de, halkyň saglygyny pugtalandyrmagyň häzirki zaman strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen netijeli işleriň hatarynda wagyz çärelerini görkezmek bolar.
Çykyş edenler tejribe alyşmak bilen, COVID-19 ýaly şeýle howpa garşy göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam beren düzümleriň biri hökmünde birleşen maglumat gaznalaryny mysal getirdiler, saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýa netijesinde bu gaznalara hemmeleriň elýeterliligi üpjün edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp sanly halkara forumlarda ençeme gezek nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda lukmançylyk diplomatiýasy saglygy goraýyş ulgamynda ählumumy we sebit ölçeglerinde hyzmatdaşlygyň utgaşdyryjy merkezi bolup durýar.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda saglygy goramak boýunça maksatnamalaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ynsan saglygyny goramak boýunça köp sanly taslamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini we geçirilýändigini bellediler.
Ilatyň saglygyny goramaga we ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş meselelerine has giňden çemeleşmek tejribesini durmuşa ornaşdyrdy.
Foruma gatnaşyjylar saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan giň gerimli işleri üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” onlaýn-maslahatynyň giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli çäre bolandygyny, bu maslahatyň diňe bir toplanylan tejribäni alyşmaga däl-de, türkmen lukmançylygynyň abraýynyň ýokarlanmagyna, onuň ägirt uly üstünlikleriniň we ýeten sepgitleriniň wagyz edilmegine ýardam berýändigini bellediler.
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy
Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi
Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Uzynadadaky täze önümli guýy
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.
Okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.