Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktoryny kabul etdi

22:33 09.10.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/2035/original-16161d26603245.jpeg

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi.

Iri halkara guramanyň ýokary wezipeli wekili döwlet Baştutanymyzy ýurdumyz üçin şanly sene — ýakynda bellenilen Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy hem-de türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, şu saparyň Türkmenistanyň we milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşan iri halkara guramanyň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm tapgyry boljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzda adamlaryň saglygyny goramak, howpsuzlygyny üpjün etmek esasy maksat bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna kybap getirilýär. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça işler kämilleşdirilýär.

Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen hemişe tejribe alyşýar, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly ýakyn hyzmatdaşlyk edýär, saglygy goraýyş meseleleri boýunça geçirilýän ähli halkara çärelere gatnaşýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze häzirki zaman halkara derejeli saglyk öýleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mundan başga-da, bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we pugtalandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy biziň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlarymyz bolup durýar. Olar bilen Türkmenistan möhüm taslamalary bilelikde amala aşyrýar.

Häzirki wagtda, bütin adamzadyň täze, ählumumy howp bolan koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreş alyp barýan döwründe, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çäklerinde hereketleri utgaşdyrmak ähli döwletler üçin örän möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümetiniň koronawirusyň ýüze çykmagynyň ilkinji günlerinden başlap, onuň garşysyna göreşmek boýunça maksada gönükdirilen anyk çäreleri görüp başlandygyny nygtady.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyz boýunça edarasynyň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanda döwlet derejesinde ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de netijeli çäreleri görmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Keseliň ählumumy häsiýetini we onuň dünýä döwletleriniň ählisine ýetirýän ýaramaz täsirini nazara almak bilen, ýurdumyzda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar döredildi. Onuň mejlisleriniň barşynda möhüm çözgütler kabul edildi. Ýiti ýokanç keseliniň wiruslarynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek göz öňünde tutuldy.

Bu ýokanç keseliň ýurdumyzyň çäklerine aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, üçhalkalaýyn öňüni alyş ulgamy döredildi.

Raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegi we daşary ýurtly raýatlaryň ýurdumyza gelmegi, şeýle hem halkara howa ugurlary boýunça uçuşlar wagtlaýyn togtadyldy. Türkmenistanyň döwlet serhedinde ýurdumyza ýükleri getirmek we üstaşyr geçirmek üçin 9 sany gözegçilik geçiriş nokatlary açyldy. Ýurdumyzyň demir ýollarynyň ugurlary boýunça welaýat we etrap gözegçilik nokatlary döredildi. Bu ýerlerde öňüni alyş işleri güýçlendirildi.

Raýatlar üçin lukmançylyk gözegçiliginiň iki tapgyrdan ybarat ulgamy ýola goýuldy. Bu işler häzirki wagtda hem dowam edýär.

Birinji tapgyrda daşary ýurtlardan gelýän raýatlardan barlaghana nusgalary alynýar. Şundan soňra olar Garabogaz, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde döredilen karantin zolaklarynda gözegçilik astynda saklanylýar.

Ikinji tapgyrda, hassahanalardan çykarylan raýatlar öz öýlerinde ýaşaýan ýerleri boýunça 14 günüň dowamynda maşgala lukmanynyň gözegçiliginde saklanylýar.

Aýratyn howply keseliň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde, ähli lukmançylyk edaralary zerur lukmançylyk enjamlary, gorag serişdeleri, test-ulgamlar, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen doly üpjün edildi.

Döwlet serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynda serhet, gümrük, saglygy goraýyş, oba hojalyk gulluklarynyň işgärlerinden we hünärmenlerinden düzülen toparlaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylyk etmegi ýola goýuldy.

Ähli edaralarda dezinfeksiýa, zyýansyzlandyryş işlerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyza getirilýän hem-de peýdalanylýan azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça güýçlendirilen gözegçilik tertibi girizildi. Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän suw howdanlarynyň we suw desgalarynyň goragyny üpjün etmek boýunça gözegçilik güýçlendirildi. Şeýle hem suw çeşmelerinden suwuň nusgalary alynýar. Barlaghana-gözegçilik işleri yzygiderli geçirilýär.

Ähli edaralarda we kärhanalarda, bilim edaralarynda, jemgyýetçilik ýerlerinde, söwda nokatlarynda hem-de bazarlarda, ulaglaryň ähli görnüşlerinde, serhetýaka zolaklarynda we ilatly ýerlerde öňüni alyş zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa işleri güýçlendirilen tertipde alnyp barylýar.

Bu babatda biz gerek bolanda ýiti ýokanç keseliň ýüze çykmalaryna meňzeş ýagdaýly şahslary saklamak üçin täze karantin merkezlerini gurup, aýry-aýry lukmançylyk edaralarynyň ugruny üýtgedip başladyk. Ýokarda görkezilen meýilnamanyň esasynda, zerur derman serişdeleri we degişli lukmançylyk enjamlary satyn alynýar.

Şunuň bilen birlikde, biziň ýurdumyzda ilatymyzyň arasynda waksinalaryň “Sputnik V” ýaly dürli görnüşleri bilen ählumumy sanjym işleri amala aşyrylýar. Şeýle hem, adamlaryň goraglylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde, ýiti ýokanç keseliň wiruslarynyň ýurdumyza aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol berilmedi.

Şeýle hem öz görýän çäreleri arkaly dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine goşulyşyp, Türkmenistan koronawirusa garşy göreşmekde halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň şol başlangyçlaryny ýatladyp, olaryň hatarynda, hususan-da, ýokançlaryň tebigatyny we häsiýetini öwrenmek üçin Genom lukmançylygyny ösdürmek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk; sebitde lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek; Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit merkezini döretmek; ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesini dünýä lukmançylyk tejribesine ornaşdyrmak; saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynyň işini kämilleşdirmek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmek; Türkmenistany “Temmäkiden azat ýurt” diýip yglan etmek boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň usulyýetini işläp taýýarlamak wezipelerini görkezdi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň ýardam etmeginde “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly şu günki alym-lukmanlaryň halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bu ugurda gowy öňegidişlik bolar.

Duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz BSGG-niň ýokary wezipeli wekiline giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary, şol sanda howply ýokançly keselleriň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmäge gurama tarapyndan berilýän goldaw üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge ýurdumyzyň ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, bularyň ählisiniň hormatly Prezidentiň amala aşyrýan, halk, onuň bagtyýar, sagdyn we abadan durmuşy barada hemmetaraplaýyn alada etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Şol üstünlikler bolsa adamyň ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagynda, keselleriň azalmagynda öz beýanyny tapdy.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, milli saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi netijesinde, türkmenistanlylar ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşlerinden elýeterli peýdalanýarlar. Şol hyzmatlar bolsa paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda gurlan döwrebap hassahanalar we bejeriş-anyklaýyş merkezleri tarapyndan hödürlenilýär.

Bularyň ählisi sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, saglyk üçin zyýanly endiklere, hususan-da, çilimkeşlige garşy işjeň göreşmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bilelikde, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge ýardam edýär.

Ýeri gelende aýtsak, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň temmäkiniň ulanylmagyny kadalaşdyrmak hem-de temmäkiden azat zolagy döretmek boýunça ägirt uly işleri alyp barmakda gazanan uly üstünlikleri nazara alnyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BSGG-niň ýörite sylagy — çilimkeşlige garşy göreşe ägirt uly goşandy üçin ýadygärlik medaly hem-de minnetdarlyk şahadatnamasy gowşuryldy.

Şeýle hem Türkmenistana ýokanç däl keselleriň öňüni almaga goşan ajaýyp goşandy üçin BSGG-niň güwanamasy gowşuryldy. Ýurdumyzyň tejribesi sebitiň ähli ýurtlary tarapyndan giňden öwrenmek üçin maslahat berildi.

Milli Liderimiziň beýleki möhüm başlangyçlary, hususan-da, her ýyl 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi bellemek baradaky başlangyjy hem ilatyň saglygynyň berkidilmegine ýardam edýär. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidildi.

BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa köpugurly hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändigi hem-de täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Biziň ýurdumyzyň bu howply ýokanç kesele garşy göreşmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Häzirki güne çenli ilatyň eýýäm 70 göterimden gowragyna sanjym edildi. Ýokary wezipeli myhman bu ýokary görkezijiler bilen gutlap, beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň has öňde barýandygyny hem-de onuň amala aşyrýan toplumlaýyn çäreleriniň tutuş dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny nygtady.

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine berk eýerýän türkmen halkyna goňşy ýurtlara, şol sanda Owganystana uly goldaw berýändigi üçin hem hoşallyk bildirildi. Owganystana ynsanperwerlik kömegi yzygiderli berilýär, şol sanda derman serişdeleri hem-de lukmançylyk enjamlary ugradylýar.

Türkmenistanyň ýurdumyzyň çägine COVID-19 keseliniň getirilmeginiň öňüni almak üçin uly tagallalary edýändigi aýratyn nygtaldy. Myhman goňşy ýurduň serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokadynda işleriň ýokary derejede guralandygyny öz gözleri bilen görendigini aýtdy. Munuň özi öňüni alyş çäreleriniň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär.

Türkmenistan bu pandemiýanyň öňüni almak, şol sanda belli bir aralygy saklamak, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak, beýleki şahsy goranyş serişdelerini ulanmak babatda netijeli çäreleri gördi. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň bu işi makullaýandygy hem-de geljekde hem Türkmenistana degişli goldawy berjekdigi nygtaldy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Türkmenistanyň ylmy diplomatiýanyň gurallaryny ilerletmek baradaky başlangyçlaryny, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde BSGG-niň koronawirus genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň pnewmaniýa garşy göreşmek boýunça köpugurly guralyny işläp taýýarlamak, BSGG-niň ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini hem-de Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek baradaky tekliplerini doly goldaýar.

Mälim bolşy ýaly, koronawirusyň täze görnüşleriniň döremeginiň sebäplerini ýüze çykarmaga ýardam etjek koronawirus genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky pikir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreisus hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen geçiren üçtaraplaýyn wideoduşuşygynyň barşynda beýan edildi.

Myhman milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde türkmen tarapyna mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny aýdyp, okuw maslahatlaryny geçirmek, Türkmenistana dürli ugurly hünärmenleri ibermek tejribesini dikeltmegi, “Hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” çäklerinde täze geljegi uly ugurlarda, hususan-da, zenanlaryň saglygyny goramak babatda, sanly ulgamy ösdürmekde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy teklip etdi.

Başga habarlar
166046e26b225d.jpeg
Çalik Enerji türk kompaniýasy Türkmenistanda elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin maliýe kepilligini aldy

Türkiýäniň Çalik Enerji energetika kompaniýasy Türkmenistanda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde kuwwaty 1,574 MWt bolan birleşdirilen aýlaw elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin Germaniýanyň “Commerzbank” bankyndan we Şweýsariýanyň Eksport Karz Agentliginden (ECA) 586 million ABŞ dollary möçberinde maliýe kepilligini aldy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.


166046bbd078e0.jpeg
Parižde geçiriljek maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin eýýäm ýüzden gowrak wekil hasaba alyndy

24-25-nji aprelde geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (TEIF–2024) taýýarlyk işler dowam edýär. forumyň guramaçylar bolup “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri “Türkmen Forum” we GaffneyCline kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.


16604686633972.jpeg
Pakistanyň nebit ministri TOPH taslamasyny ilerletmek işine ygrarlylygyny mälim etdi

26-njy martda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň nebit ministri Musadik Mälik bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda ilçi ony ministr wezipesine girişmegi bilen gutlady.

16603df5287f13.jpeg
Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy

26-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16603b276a2ed9.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylary gutlady.