Habarlar

Şu ýylyň dokuz aýyndaky içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy

https://ussatnews.com/storage/posts/2039/original-16162b2b602bf0.jpeg

Halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler tassyklaýar. Garalýan döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy,- diýip Wise-premýer S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.

Seljerilen görkezijileriň netijelerine laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy.

Üç çärýekde bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, 16,7 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 12,3 göterim ýokary boldy.

Dokuz aýyň netijeleri boýunça iri we orta kärhanalarda aýlyk zähmet haklary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 17,9 milliard manada ýetdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilen 275 desgadan 37-siniň gurluşygy tamamlandy, 165-siniň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.