Hormatly Prezidentimiz “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy

19:53 10.10.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/2041/original-16162fe7e721ce.jpeg

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy we “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy.

Türkmenistan Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup milli gününi geçirýär, ol dürli öwüşginli çäreler bilen utgaşdy. Türkmenistanyň Milli pawilýonynda ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Türkmen sergisi üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 1581 inedördül metre deň boldy. Ýurdumyzyň “Tekmil” kompaniýasy tarapyndan özboluşly binagärlik äheňde gurlan iki gatly binanyň meýdany 976 inedördül metre barabar boldy.

Türkmenistanyň pawilýony “Ykjamlylyk” atly tematiki zolakda ýerleşdirilip, onuň binagärlik keşbi okgunly ösüşiň girewi hökmünde hemişelik hereket pikirini beýan edýär. Türkmen sergisiniň girelgesiniň ýanynda heýkel – çüwdürim kompozisiýasy ýerleşdirildi. Bu ýerde myhmanlary ady äleme dolan – ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň milli baýlygy, buýsanjy hasaplanyp gelýän ahalteke bedewleri garşylaýarlar.

Binanyň ini elli metre barabar bolan diwarynyň ýüzünde ägirt uly LED-ekran oturdylyp, onda Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tugy parlaýar, şeýle hem “Türkmenistana hoş geldiňiz!” hem-de “EKSPO-2020” diýen sözler ýazylýar.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlar bilen binanyň içine girip, milli sergimizi synlap başlaýar, bu ýerde Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiniň esasy ugurlary görkezilýär.

Milli Liderimiz sergi pawilýonynyň eýwanynda elektron ýol görkezijiniň – sensorly ekranyň ýaynyna barýar hem-de sergi baradaky elektron maglumatlar bilen tanyşýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhmanlar sergi merkeziniň ikinji gatyna barýarlar, bu ýerde sergä gatnaşyjylaryň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Sergini guraýjylar tematiki toplumlaryň dokuzysyny görkezip, olarda belli bir ugurlara degişli gymmatlyklaryň birnäçesini birleşdirdiler. Sergi bölümleriniň her birinde elektron ekranlar ýerleşdiridip, olarda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berýän wideorolikler görkezilýär.

Sergi giňişliginiň bir tarapynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we onuň garamagyndaky edaralar tarapyndan milli medeni mirasy aýawly saklamak we artdyrmak boýunça üstünlikli amala aşyrylýan işler beýan edilýär.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy serginiň çäklerinde ýokary çap usulynda ýerine ýetirilen neşir önümleri bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de düýpli ylmy işleri sergide esasy orny eýeleýär. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly medeni däp-dessurlary we şu güni barada gürrüň berýän fotoalbomlar we kitaplar ýerleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň Baş direktoryna we ýurdumyzyň sergisine gelen myhmanlara ýurdumyzda arassa ýüpekden dürli matalaryň, ketenileriň we halylaryň dokalýandygy barada gürrüň berdi. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän tut agaçlarynyň ýapraklary ýüpek önümçiliginiň esasy serişdesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýüpekçilik senagatynyň taryhynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini aýdyp, ýüpekçiligiň milli usullarynyň häzirki döwürde has-da kämilleşendigini, onuň önümçiliginde täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylýandygy barada aýtdy.

Aýratyn diwarlyk ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynda, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanypdyr.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary diwarlyk bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň örän baýdygyny belledi. Ýurdumyzyň çäklerinde ýabany dermanlyk ösümlikleriň 1600-den gowrak görnüşi bolup, şolaryň 330-sy endemikdir.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen topragynda bitýän we bejerijilik babatda dünýä ähmiýetli buýan, onuň kökünden taýýarlanylýan dermanlyk serişde barada gürrüň berdi. “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” derman kärhanasynyň 150-ä golaý derman serişdelerini öndürýändigini, eziz ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli bu ýerde buýan kökünden täze önümiň taýýarlanandygyny aýtdy.

Iňlis dilinde sesli ýokary hil derejesinde beýan edilýän wideoşekiller Türkmenistanyň strategik nebitgaz pudagynda giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň we himiýa senagatynyň düzümleýin bölümleriniň – “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işlerini görkezýän diwarlyk ünsi çekýär. Şolarda ýurdumyzyň energetika kuwwaty açylyp görkezilýär. Bu ýerde gaz ýangyjyny netijeli ulanmagyň iň döwrebap tehnologiýalary hem-de himiýa önümçiligi babatdaky işläp taýýarlamalar görkezilýär.

Türkmenistan dünýädäki ýagdaýlara başlangyçlar bilen çykyş edip gatnaşmak bilen bar bolan meseleleri çözmäge diňe bir goşant goşmagy maksat edinýändigini beýan etmän, eýsem özüniň ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin peýdalanmaga teklip edip, dünýä derejesindäki maksatlar babatda öz garaýyşlaryny hem-de şolara ýetmekde öz mümkinçiliklerini açyk beýan edýär. Bu bolsa dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz döwleti, uglewodorod çig malyny esasy öndüriji hem-de halkara derejede eksport ediji hökmünde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna hem doly derejede degişlidir.

Ulag-aragatnaşyk toplumynyň gazananlaryny beýan edýän sergi bölümi halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýan iri möçberli taslamalary görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhmanlar ykdysady we bank ulgamynyň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlary we geljegi bilen tanyşýarlar. Serginiň çäklerinde döwletimiziň durmuşyndaky möhüm wakalar mynasybetli, şol sanda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna çykarylan ýubileý şaý pullar görkezilýär.

Myhmanlar ajaýyp türkmen çöreginden we pişmelerden uly höwes bilen dadyp gördüler. Bu ýerde dogramadan, palawdan, çorbadan hem-de baý türkmen saçagynyň örän datly un önümlerinden tagam dadyp bolýar.

Türkmenistanyň Milli gününiň baýramçylygynyň çäklerinde paýtagtymyzyň “Miras” nyşanly Modalar öýi hem-de hususy kärhana bolan “Asman” modalar öýi tarapyndan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen täze egin-eşikleriň toplumlary görkezildi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz “EKSPO-2020” bütindünýä sergisiniň baş direktory Rimal Al Haşimä elde taýýarlanylan ajaýyp ýüpek milli ýaglygy bolan gyňaç sowgat berdi. Hanym Rimal Al Haşimi şeýle ajaýyp sowgat üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip milli däp dessurlary saklap gelen türkmen gelin-gyzlarynyň ussatlygyna we zehinine haýran galýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň alty aý, 2022-nji ýylyň martyna çenli dowam etjek bu ählumumy foruma gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň, dünýä jemgyýetçiliginiň Watanymyzyň iň täze taryhyna bildirýän ägirt uly gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnanlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady hem-de BAE-niň resmi adamlar bilen birlikde, Birleşen Arap Emirlikleriniň sergi pawilýonyna gelip dostlukly döwletiň sergi bölümi bilen tanyşdy.

Başga habarlar
1662332d93be2b.jpeg
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we şol çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


16622567eb9d73.jpeg
Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris

Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris.


166213b841edf3.jpeg
Türkmenistanyň DIM-inde TRACECA ulag taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

17-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

16620ae1d33073.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy.


166201d9631567.jpeg
Nebitgazçylaryň ýokary okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar we talyplar köpçüligi gatnaşdy.