Türkmenistanda agramy 27 kilogram 134 grama barabar äpet hyýar ýetişdirildi
Lebap welaýatynyň Saýat şäheriniň ýaşaýjylary Hemra we Zöhre Babaýewler bakjasynda agramy 27 kilogram 134 grama barabar hyýar ýetişdirdiler. Onuň uzynlygy 96 santimetre, iň ýogyn ýeriniň daşynyň aýlawy bolsa 83 santimetre ýetýär- diýip, jeyhun.news habar berýär.
69 ýaşly Hemra Babaýew etrabyň 3-nji «Şöhle çagalar bagynda ýeňil iş bejeriş ussasy bolup işleýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol aýaly Zöhre Babaýewa bilen 20 sotok bölek ýer kärendesine aldy. Hemra aganyň miweli bagynda armyt, ülje, injir, erik, garaly, çereşnýa ýaly agaçalryň 100 düýpden gowragy ösýär. Agaçlaryň aşagynda uly bolmadyk ýer böleginde bolsa pomidor, badamjan, hyýar, ýer tudanasyny hem ýetişdirýär.
jeyhun.news
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.