Habarlar

Halkara maslahat ýangyç-energetika toplumynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp çärä öwrüler

https://ussatnews.com/storage/posts/211/original-15fae43e3ceb96.jpeg

1-nji dekabrda onlaýn görnüşinde, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara maslahatyny geçiriler.

Bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine bagyşlanan forumyň gün tertibine Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň möhüm şerti bolan halkara turba geçirijilerine bagyşlanan meseleler girizildi.

Halkara maslahatynyň dowamynda gaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutulýar.

Halkara maslahaty ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we kuwwatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, olary dünýäniň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary, özara bähbitli anyk taslamalar bilen berkider, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp çärä öwrüler hem-de ýurdumyza innowasion tehnologiýalary hem-de goşmaça maýa serişdelerini çekmäge ýardam eder.

Ussat news

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.