«Türkmengaz» DK we «Haldor Topsoe» ammiak we metanol öndürmekde hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekdiler
«Türkmengaz» döwlet konserni we Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tebigy gazyň monetizasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etmek hakynda ylalaşdylar. Bu gezekki hyzmatdaşlyk ammiagy we metanoly gaýtadan işlemegi dowam etmeklige gönükdirilendir. Özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama taraplar Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2021» XXVI Halkara maslahatynyň işiniň çäklerinde gol çekdiler.
Gol çekmek dabarasynyň barşynda «Haldor Topsoe-niň» dolandyryjy direktory Piter Kristenson bu taslamalaryň Türkmenistanyň gaz serişdeleriniň netijeli ulanylyşynyň we ýurt hem-de onuň raýatlary üçin goşmaça peýdany döretmek üçin ýene bir mysaly boljakdygyna ynam bildirdi.
Öň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tehnologiýalary boýunça Türkmenistanda tebigy gazdan ECO-93 benzinini öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawod guruldy.
Maslahatyň birinji gününde şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen başga-da birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda — Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama gol çekildi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.