Habarlar

Diýarymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisi we ylmy-amaly konferensiýalary geçiriler

https://ussatnews.com/storage/posts/217/original-15faec3278baa2.jpeg

Diýarymyzda 1-10-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisi geçiriler. Halkara forumynda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanylan üstünlikleriniň gözden geçirilişi gurnalar. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap interaktiw multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.

Serginiň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyryş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekiler.

Biziň ýurdumyz okgunly ösýän, ýokary tehnologiýalara hem-de innowasiýalara esaslanýan döwlet hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Diýarymyzda giň gerimli taslamalar hem-de oňyn başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ussat news

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.