«Iran Khodro» Türkmenistana iki ýangyçda işleýän awtomobilleri getirmäge taýýar
Tähranda «Iran Khodro Industrial Group» iri awtomobilgurluşyk kompaniýasynyň baş direktory Farşad Mogimi Türkmenistanyň awtomobil ulaglary agentliginiň (“Türkmenawtoulaglary”) ýolbaşçysy G.Akmämmedow bilen bolan duşuşykda kompaniýanyň türkmen bazaryna iki ýangyçda işleýän (benzin+gaz) täjirçilik we ýeňil awtomobilleri getirmäge taýýardygyny beýan etdi diýip “Türkmenistan: altyn asyr” saýty habar berýär.
G.Akmämmedow öz nobatynda «Iran Khodro» kompaniýasynyň önümleriniň hilini we görnüşlerini nazara almak bilen türkmen bazarynyň belli kompaniýanyň önümlerini goldajakdygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda awtomobilgurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy «Iran Khodronyň» dag-magdan, nebitgaz, nebithimiýa, inženerçilik ulgamlarda we beýleki pudaklarda hem türkmen senagat kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.
Ýeri gelende ýatlasak, «Iran Khodro» Eýranyň awtomobilgurluşyk kompaniýalarynyň hatarynda ilkinji bolup özüniň «Iran Khodro – Ashgabat» wekilhanasyny açdy hem-de Aşgabatda Işewürlik merkezinden, awtomobiller üçin salon-sergiden, awtoulag şaý sepleriniň dükanyndan, ammarlardan, awtomobilleri abatlaýyş’ we tehiki hyzmat ediş merkezinden ybarat bolan döwrebap toplumy gurdurdy.
Kompaniýa Türkmenistana ozal hem ýeňil awtoulaglary we awtobuslary getirýärdi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.