Güýz paslynda ukyny gowulandyrjak 7 önüm
Amerikanyň Milli uky gaznasynyň alymlary güýz paslynda ukyny gowulandyrjak önümleriň ýedisi barada «Eat This, Not That» habarlar agentliginde belleýärler.
Barlag geçirijiler güýzde adamlary tukatlygyň we stresiň basmarlaýan halatlarynyň bolýandygyny mälim edýärler. Bu ýagdaýda adamlara ukusyny çuň we ýeterlik (gije-gündizde 8 sagat) almagy oňaýly täsirini ýetirýär. Çuň uky ynsana kuwwat berýär, şähdini açyp, ýaşaýşa bolan höwesini has-da güýçlendirýär, onuň immunitetini galdyrýar.
Gowy ukyny üpjün edýän önümleriň biri hem badamdyr. Düzüminde magniý saklaýan bu önüm rahatlandyryjy täsirini ýetirýär.
Alma öz düzüminde köp mukdarda C witaminini saklaýar. Bu bolsa dem alşyň gowulanmagyna, ganyň düzüminde şekeriň azalmagyna we arterial basyşyň peselmegine ýardam berýär.
Süýji ýeralma (badat) kletçatka baý bolup, ol çuň ukyny üpjün edýär.
Ukyny gowulandyrýan ýene bir önüm hindi guşunyň etidir. Bu et öz düzüminde triptofan saklaýandygy üçin ýeňil rahatlandyryjy häsiýete eýedir.
Dynç alyş üçin süýji mekge hem peýdalydyr. Onuň düzüminde melatonin kän bolup, ony ukusyzlykdan ejir çekýän adamlara maslahat berýärler.
Amerikan alymlary şeýle hem klýukwanyň C witaminine baýdygyny we ukyny gowulandyrýandygyny habar berýärler.
Çuň ukyny üpjün edýän ýene bir önüm muskat hozudyr. Ol arterial basyşy peseldýär we ýürek-gan damar ulgamyny rahatlandyrýar, şeýle-de adamyň keýpiçaglygyna gowy täsir edýär.
Amerikan berhiz lukmany Samanta Kassetty hozy berk we ýeterlik wagt möçberindäki ukyny üpjün edýän önüm diýip belleýär. Hozuň düzüminde ukyny kadalaşdyrýan organiki maddalar örän köpdür.
Organizme arassa howanyň, iýmitiň, suwuň, işjeň hereketiň zerur bolşy ýaly, çuň we ýeterlik uky hem möhümdir.
Annameret ANNAMEREDOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.